SPORT

“Arsenal” topary 17-nji gezek Angliýanyň Superkubogyny gazandy

Dynç güni Angliýanyň futbol durmuşy Naýbaşy kubogy gazanmak ugrundaky duşuşyk bilen baý boldy. Angliýanyň Superkubogyny gazanmak ugrundaky duşuşykda geçen ýylyň çempiony hem-de birnäçe kuboklaryň eýesi “Mançester Siti” bilen “Arsenal” topary duşuşdy.

Londonyň meşhur “Uembli” stadiony dolup daşdy. Superkubok duşuşygy Angliýada futbol çempionatynyň täze möwsüminiň başlaýandygynyň buşlukçysydyr.

Şonuň üçin futbola uly höwes bildirýän iňlis hem-de toparlaryň janköýerleri stadiony doldurdy. Duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy. Oýnuň 77-nji minutynda “Siti” toparyndan Palmer tapawutlandy. “Arsenal” topary bolsa 101-nji minutda hasaby deňledi. Leondro Trossard tapawutlanmagy başardy.

Kubogyň eýesi 11 metrlik jerime urglaryndan soňra mälim boldy. “Arsenal” topary 4:1 hasabynda üstün çykdy. “Siti” toparyndna Kewin de Bruýne we Rodri tapawutlanyp bilmedi.

Şeýlelikde, “Arsenal” topary 17-nji gezek Angliýanyň Superkubogyny gazandy. Soňky gezek bu topar 2020-nji ýylda ýeňiş gazanypdy.

Angliýanyň Superkubogy ýurduň çempiony bilen Angliýanyň kubogynyň ýeňijisiniň arasynda geçirilýär. Geçen möwsümde bu iki kubogy hem “Mançester Siti” topary gazandy. “Arsenal” topary çempionatda ikinji bolandygy üçin bu oýna gatnaşmak hukugyna eýe boldy.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler