SIZDEN GELENLER

Armydyň peýdasy

Häzirki wagtda alma, erik, nar, hurma ýaly köpýyllyk miwe berýän agaçlar ýokary derejede ösdürilip ýetişdirilýär. Şeýle ösdürilip ýetişdirilýän agaçlaryň biri hem armytdyr. Ol özünde witaminleriň we elementleriň dürli görnüşlerini saklaýandygy üçin  beýleki miwe berýän agaçlardan tapawutlanýar. Onuň dünýäde 500-den gowrak görnüşi bardyr.

Armydyň miwesi yşyklandyryjy (lampa) görnüşinde bolýar ýöne, hünärmenleriň geçirýän seçgi we tohumçylyk işleriniň netijesinde onuň tegelek we silindr görnüşleri hem ösdürilip ýetişdirilýär. Onuň miwesiniň ýakymly ysy bardyr. Miweler bişdigiçe onuň ysy hem güýçlenýär. Armydyň gabygy ýuka hem-de galyň görnüşde bolup, onuň reňki ösdürilip ýetişdirilýän görnüşlerine baglylykda açyk we goýy sary, goňur, gyzyl mämişi bolýar.

Armydyň miwesiniň 100 gramynda 42 kkal saklanýar. Ol ýokumly maddalara baýdyr. Onuň düzüminde pektin kislotasy, A,B1, B2,B5, B6, B9, C, E, K, H we PP we  witaminler bardyr. Mundan başga hem adam saglygy üçin zerur gerek bolan kaliý, kalsiý, magniý, sink, mis, margenes, demir, kükürt, ýod, ftor, fosfor we natriý ýaly elementler armytda jemlenendir.

Armyt holesteriniň ýüze çykmagynyň öňüni alýar. Şeýle hem onuň kaloriýasy az mukdarda bolup, berhizlik häsiýeti bardyr we iýmit siňdirişe peýdaly täsir edýär. Ol aşgazan asty mäzinden kynçylyk çekýän adamlar üçin hem peýdalydyr. Onuň tagamy almadan has süýji bolsa-da, düzüminde az mukdarda şeker saklaýar. Onuň düzüminde fruktoza glýukozadan has ýokary bolandygy üçin, miwe aşgazan asty mäziň işleýşine oňyn täsir edýär. Armyt semizlikden we süýji keselinden ejir çekýän adamlar üçin hem has-da peýdalydyr. Ol adamyň immunitetini ýokarlandyrýar.

100 gram armyt böwreklerden artykmaç suwuň bölünip çykmagyna kömek edýär.

Şeýle ýokumly maddalara baý, adam saglygy üçin peýdaly bolan armydyň miwesi bilen birlikde, onuň ýapraklary hem adamyň saglygyny goramaklyga uly goşant goşýar. Armydyň miwesini guradyp, ondan hem içgi (kompot) taýýarlanylanda içegeleriň kadaly işlemegine uly ýardam berýär. Onuň çigitleri bolsa adam bedenindäki gurçuklara garşy göreşmeklikde peýdalydyr.

 

   YAZMUHAMMEDOW SARSMAZ,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen

oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

 

 

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

 

Ýer almanyň ösdürilip ýetişdirilişi

 

Ýer hozunyň ösdürilip ýetişdirilişi

 

Reýhan oty we onuň adam saglygyna peýdasy

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti