BILIM

Arktikadaky iň gadymy buzluklaryň birinde ýaryk peýda boldy

Kanadanyň Manitoba uniwersitetiniň alymlary Arktikanyň iň gadymy buzluklaryndan biri bolan Ellesmir adasynyň demirgazyk böleginde ullakan ýarygyň emele gelendigini bellediler. Ýarygyň ululygy 3 müň inedördül kilometre ýetýär.

Mälim bolşy ýaly, alymlar Grenlandiýanyň demirgazygynda ilkinji hereketi 2020-nji ýylyň maý aýynda hasaba aldylar. Hünärmenleriň pikiriçe, ol iki hepdäniň dowamynda güýçli ýelleriň täsiri astynda açyldy. Ellesmiriň demirgazygyndaky buz çalt hereket edýär we ereýär.  Atmosfera maglumatlary we deňiz buzunyň şekillerini seljermek işinde hünärmenler bu ýerdäki buzuň iki gezek – 1988-nji we 2004-nji ýyllarda bölünendigini anykladylar. Emma şol wagt hiç kim muňa üns bermedi.

Bilýäňizmi, görüş jedwelini kim oýlap tapdy?

 

 

 

Related posts

“Creative Earth” atly sungat bäsleşigini yglan edýär.

Talyp karzy: «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky

Ata Watan Eserleri

“Açyk gapylar”: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti