Arkadag şäheriniň adybir futbol topary bassyr ikinji gezek ýurdumyzyň çempiony boldy. Topar täze çempionlygyny şu gün Gökdepe etrabynyň Babarap obasynyň Sport mekdep-internatynyň sport desgasynda geçiren duşuşygyndan soň yglan etdi. Bu barada Futbol Federasiýasy habar berýär.
Milli çempionatynyzyň 28-nji tapgyrynyň öňe süýşürilen duşuşygynda “ARKADAG” topary Balkanabadyň “Nebitçisini” kabul etdi. Duşuşyk ýurdumyzdaky ilkinji “akylly” şähere wekilçilik edýän toparyň 5:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
25-nji duşuşygynda 25-nji ýeňşini gazanan “ARKADAG” topary bu ýeňiş bilen utugyny 75-e çykaryp, iň ýakyn bäsdeşi bilen 23 utuklyk aralygy gorady. Möwsümiň galan böleginde utuk babatynda toparyň yzyndan ýetmek hiç bir bäsdeşine başartmaz.
Döredilen wagtyndan bäri (2023-nji ýylyň bahary) hiç bir resmi duşuşykda utulmadyk topar gysga taryhynda milli rekordlaryň birnäçesini täzeledi. Ýeňişlere we üstünliklere beslenen ýollar topary bassyr ikinji çempionlygyna alyp geldi. Bu çempionlyk topara 2025 – 2026-njy ýyllaryň möwsüminde yklym ýaryşlaryna gatnaşmaga mümkinçilik berýär.
28-nji tapgyryň çägindäki duşuşygyň öňe süýşürilmegi hem toparyň yklym ýaryşyna – AFK-nyň Çagyryş ligasyna netijeli taýýarlyk görmegini we gatnaşmagyny üpjün etmek maksadyndan ugur alýar.
Bassyr ikinji çempionlygyny yglan eden toparyň indiki maksady Türkmenistanyň kubogynda we yklym ýaryşynda üstünlikli çykyş etmekden ybarat.