SPORT

Arkadag topary: 20 duşuşyk 20 ýeňiş bilen taryhy rekord goýdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 22-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Olarda «Merw» «Aşgabady», «Arkadag» topary «Ahaly», «Altyn Asyr» «Nebitçini», «Şagadam» bolsa «Köpetdagy» kabul etdi.

Paýtagtyň «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşyk diňe bir tapgyryň däl, eýsem, tutuş möwsümiň ykbal kesgitleýji duşuşyklarynyň biri boldy. Çünki onda ýaryş tertibiniň öňdebaryjysy «ARKADAG» futbol topary ikinji ornuň şärikleriniň birini ― «Ahaly» kabul etdi.

Duşuşyk ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäheriň adybir toparynyň 5:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Şeýlelikde, 20-nji duşuşygynda 20-nji ýeňşini gazanan «ARKADAG» futbol topary möwsümde 60 utuk gazanan ilkinji topar bolmagy başardy.

Şunda ýene bir aýratynlyga ünsüňizi çekmek isleýäris: Ýokary liganyň şu möwsümindäki gollarynyň sanyny 98-e çykaran «ARKADAG» topary çempionatyň taryhynda bir möwsümde iň kän gol geçirip bilen toparlaryň ilkinji 10-lugyna girdi.

Ýurdumyzyň çempiony 9-njy we 10-njy orunlary türkmen futbolynyň taryhynda ady rowaýata öwrülen «Nisa» topary bilen paýlaşýar. Çünki «Nisa» 2001-nji ýyldaky futbol möwsümini 98 gol bilen tamamlapdy. Eger «ARKADAG» topary möwsümde ýene iki gol geçirip bilse sekizinji, dört gol geçirip bilse ýedinji, bäş gol geçirse altynjy orna göteriler.

Toparyň geçirjek ýedinji goly bolsa ony bir möwsümde iň kän gol geçiren toparlaryň ilkinji bäşligine girizer. Ilkinji bäşlikde bolsa paýtagtyň «Köpetdag» topary 151 gol bilen birinji (1992-nji ýylda), ýene şol topar 116 gol bilen ikinji (1995-nji ýylda), «Altyn Asyr» 108 gol bilen üçünji (2016-njy ýylda), şeýle hem ýene «Köpetdag» 105 gol bilen bäşinji (1997/98-nji ýyllaryň möwsüminde) orny eýeleýär.

«ARKADAG» topary bu sanawa soňky sekiz ýylyň dowamynda girip bilen ilkinji topar boldy.

Ýaryş tertibinde ikinji orny eýeleýän «Altyn Asyryň» 46, üçünji orundaky «Ahalyň» 43 utugy bar.

Ýene-de okaň

55 ýyldan soňra gazanylan ýeňiş

«Ahal» Ýokary ligada 700-nji duşuşygyny geçirdi

Ronaldonyň jemgyýetçilik torlaryndaky rekordy

Ata Watan Eserleri

Poçettino ABŞ-nyň milli ýygyndysyna tälim berer

Türkmen türgeni Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynda altyn medal gazandy

Roberto Martines türkmenistanly futbol janköýerlerine salam ýollady

Ata Watan Eserleri