JEMGYÝET

Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynda gurulmaly desgalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary, şeýle-de gurluşyk üçin niýetlenen ýer bölekleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Bu ýerde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow taýýarlanylan taslamalar, olaryň aýratynlyklary hem-de binalaryň gurulmagy meýilleşdirilýän ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň 5-si, 320 orunlyk çagalar baglarynyň 9-sy, saglyk öýi, ýangyna garşy göreş gullugynyň, Arkadag şäheriniň häkimliginiň edara binalary, muzeý, «Saglyk» seýilgähi, söwda we hyzmat ediş toplumy, her biri 30 öýli, 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, her biri 40 öýli, 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, her biri 42 öýli, 7 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 24-si, her biri 54 öýli, 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 14-si, Arkadag şäheriniň demir ýol menzili, şäheriň awtotoplumy we bellige alyş bölümi, Ahal welaýatynyň awtomenzili gurlar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň şähergurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmekde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi.

Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna uly jogapkärçilik we belent ruh bilen girişmegiň wajypdygyny nygtady.

Ýene-de okaň

“Aga gurluşyk” hususy kärhanasy Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisinde Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

EKSPO-2025: Türkmenistanyň pawilýony 2 milliondan gowrak myhmany kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Stanfordly türkmen alym: “Makul Sözlük” – nesiller bilen diaspora arasynda gurlan täsin bir köprüdir

Antoniu Guterriş Türkmenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri