MEDENIÝET

Arkadag şäherinde ÝUNESKO-nyň şahadatnamasy dabaraly gowşuryldy

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda dabaraly maslahat geçirildi. Onuň dowamynda “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bu ýerde guralýan dabaraly maslahata gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň baş binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar.

Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini tassyklaýan şahadatnamanyň gowşurylyş dabarasynyň türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy bilen utgaşmagynda çuňňur many bar.

Dabaraly maslahatda çykyş edenler ahalteke atçylyk sungatyny hem-de behişdi bedewlerimizi bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek baradaky Kararyň 2023-nji ýylyň dekabrynda Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde geçirilen hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde kabul edilendigini bellediler. Onda ýurdumyzyň öňe süren teklibiniň bu topara agza döwletleriň 24-si tarapyndan biragyzdan goldanyldy.

ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň başlygy hanym S.Mikelesku dabarada çykyş edip, ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi we tutuş türkmen halkyny ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka bilen gutlady hem-de “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamany dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda awgust aýynda geçiriljek esasy çäreler

«Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry üstünlikli geçirildi

Italiýada Türkmenistanyň arheologik üstünlikleriniň sergisi geçiriler

2026-njy ýylda Medeniýet hepdeligi Balkan welaýatynda geçiriler

«Pa­ra­hat­lyk aý­dy­my» at­ly tä­ze film tomaşaçylara hödürlendi

«Balkan Trip TV» teleýaýlymy türkmen zergärleriniň ussatlygy barada gepleşik taýýarlaýar