Arkadag şäherinde 2 gatly 72 sany ýaşaýyş jaýy hem-de başga-da birnäçe möhüm desgalar gurlar. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen degişli resminama gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Arkadag şäherinde demirýol menzili, awtomobil menzili hem-de awtotoplumy we seýsmiki stansiýa, söwda we hyzmat ediş toplumy, şeýle hem 72 sany 2 gatly ýaşaýyş jaýlary gurlar.
Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň iýun aýynda başlamak hem-de binalary hem-de desgalary 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bllenildi.

