DÜNÝÄ

Ärdogan Wiktor Orbana elektroulag sowgat etdi

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Wengriýa amala aşyran saparynyň çäklerinde bu ýurduň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen duşuşdy. Ärdogan Türkiýe bilen Wengriýanyň arasyndaky ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin bu ýurda sapara bardy.

Ärdogan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň 100 ýyllygy mynasybetli Premýer-ministr Wiktor Orbana Türkiýede öndürilýän TOGG kysymly elektroulagy sowgat berdi. Wiktor Orban Ärdogan bilen özüne sowgat edilen “HU TR-100” belgili awtoulagynda aýlandy.

Şeýle hem Wiktor Orban öz gezeginde Prezident Ärdogan “Aristokrat” atly wenger atyny sowgat etdi.

Budapeşt şäherinde Türkiýe bilen Wengriýanyň arasyndaky ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem Prezidenti Ärdogan saparynyň çäklerinde Wengriýanyň Prezidenti Katalin Nowak bilen hem duşuşdy.

Mälim bolşy ýaly, Prezidenti Ärdogan mundan ozal, Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine sowgat hökmünde «TOGG» kysymly elektroulaglaryny iberipdi.

Şeýle hem Ärdogan Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe, BAE-niň Prezidentine, şeýle hem Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasyna «TOGG» kysymly elektroulag sowgat edipdi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri