JEMGYÝET

Äpet halylar «Ak öýler» üçin

Ýene iki aý çemesi wagtdan ― iýun aýynda Türkmenabat we Balkanabat şäherlerinde «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň açylyş dabarasynyň bolmagyna garaşylýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we Medeniýet hepdeligi mynasybetli açylyp, ulanylmaga beriljek adaty bolmadyk binalaryň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Häzirki günlerde bu binalaryň içki bezegini üpjün etmek boýunça hem dürli işler geçirilýär. Şolaryň hatarynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynda dokalýan äpet halylar hem bar. Her biriniň göwrümi 276 inedördül metr bolan iki sany äpet haly Türkmenabatdaky we Balkanabatdaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynda ýerleşdiriler.

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň resmi saýtynyň berýän habaryna görä, häzir Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň ezber halyçy zenanlarynyň ýüzlerçesi olary binalaryň açylyş dabarasyna çenli ýetirmegi meýilleşdirýärler.

Ýeri gelende bellesek, bu binalaryň gurluşygyna 2018-nji ýylyň dekabr aýynda girişildi. Ýerli gurluşyk kompaniýalary tarapyndan gurulýan binalar dürli baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin ulanylar. Häzir Ahal we Mary welaýatlarynda şeýle binalar bar.

 

Ýewropa Birleşigi Türkmen telekeçilerini gutlaýar

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň “Ozon” internet söwda platformasy Türkmenistanyň bazaryna çykdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Çagalar – parahat we abadan durmuşa mynasypdyr!

Türkmenistanda saýlawlar geçirilýär

Narine Saakýan we Jalpa Ratna Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglandy

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi