JEMGYÝET

Antoniu Guterriş BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün paýtagtymyz Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşýän “Mirap” binasynyň, ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyza resmi sapar bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş gatnaşdy.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem gatnaşan bu açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, rektorlar, gazet-žurnallaryň redaktorlary, şeýle hem talyp ýaşlary gatnaşdy.

Açylyş dabarasy binanyň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň hem-de BMG-niň baýdaklarynyň resmi taýdan galdyrylmagy bilen başlandy.

Soňra dabarada çykyş eden Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň nusgalyk derejededigini belledi.

Türkmenistan bilen uzak ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyny bellän Guterriş geljek ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini aýtdy.

Türkmenistanda  BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň netijeli iş alyp barýandygyny belläp geçen Guterriş Türkmenistan bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdüirlmegine goldaw bermäge taýýardyklaryny aýtdy.

Ol BMG-niň wekilhanasy üçin täze binanyň berlendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirip, BMG-niň düzümleriniň strategik hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek ugrunda giň tagallalar etjekdigini ynandyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan täze binanyň açylmagy bilen gutlap, Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň giň gerimde ösdürilýändigini belledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň täze binasynda dünýäniň abraýly halkara guramasynyň birnäçe maksatnamalarynyň hereket etjekdigi bellenildi.

1992-nji ýylda BMG-niň doly hukukly agzalygyna saýlanan Türkmenistan döwletimiz 1995-nji ýylda dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermeginde BMG tarapyndan özboluşly Bitaraplyk derejesine eýe boldy.  2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy sessiýasynda 193 döwletiň goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnama ikinji gezek kabul edildi.

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Merkezi Aziýa döwletlerinde resmi saparda boldy. Bu saparyny Özbegistandan başlan Antoniu Guterriş Gyrgyzystanda, Gazagystan we Täjigistanda saparda boldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş mundan ozal, 2017-nji ýylda Merkezi Aziýa döwletlerinde saparda bolupdy.

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi