DÜNÝÄ

Ankarada Türkmenistanyň ilçihanasy welosipedli ýörişi gurnady

2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped gününe, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli sport çäreleri geçirdi.

Sport çärelere diplomatik wekilhananyň işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, Türkiýe Respublikasynyň habar beriş serişdeleri we talyp ýaşlar gatnaşdy. Çäre Ankaranyň golaýyndaky Eýmir kölüniň kenarynda ýerleşýän ýörite welosiped ýolunda geçirildi.

Welosiped ýörişiniň açylyş dabarasynda Ilçi M.Işangulyýew, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen Bütindünýä welosiped gününi bellemek barada Rezolýusiýasynyň kabul etmeginiň dünýä bileleşigi tarapyndan ýurdumyzda sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, welosiped sürmegi wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin şertleri döretmek, ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça tagallalaryna ýokary baha berilýändigine şaýatlyk edýändigi nygtaldy.

Sport çäresine gatnaşyjylar Türkmenistanyň bu ugurdaky halkara tagallalaryna ýokary baha berdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy

Russiýa Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar

Türkmenistan bilen Pakistanyň zenan parlamentarileriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy

BMG-niň Baş sekretary wezipesine ýene iki dalaşgär hödürlendi

Tramp içerki howpsuzlyk ministrini üýtgetmek kararyny mälim etdi

Türkmenistanyň ilçisi Ýewropa Parlamentinde brifing geçirdi