SPORT

Angliýanyň Liga Kubogynyň finaly: “Mançester Siti” – “Tottenhem”

Iki günüň dowamynda Angliýanyň Liga Kubogyny gazanmak ugrunda ýarym final duşuşyklary geçirildi. Ilkinji duşuşykda Joze Mourinýonyň tälimçiligindäki “Tottenhem” topary 2-nji ligada çykyş edýän “Brentford” toparyny 2:0 hasabynda ýeňip, ilkinji finalçy bolupdy.

Düýn hem ýene-de bir gyzykly ýarym final duşuşygy geçirildi. Onda Pep Gwardiolanyň ýolbaşçylygyndaky “Mançester Siti” topary Angliýanyň güýçli toparlaryndan “Mançester Ýunaýted” toparyny kabul etdi. Bu duşuşyk hem 2:0 hasabynda Gwardiolanyň toparynyň peýdasyna tamamlandy. Bu duşuşykda 50-nji minutda Jon Stonz hem-de 83-nji minutda Fernandinýo tapawutlandy.

Şeýlelikde, 25-nji aprelde final duşuşykda “Mançester Siti” bilen “Tottenhem” toparlary duşuşar. Bu final duşuşygy Gwardiola bilen Mourinýonyň hem duşuşygy hökmünde taryhda öz ornuny alar.

LIGA KUBOGY BARADA…

Angliýanyň Liga kubogy 1960-njy ýylda döredildi. Liganyň kubogy ýa-da Karabao kubogy hökmünde hem tanalýar. Häzire çenli bu kubogyň ýaryşyna Angliýanyň 4 ligasyndan 92 topar gatnaşdy. Bu kubogy iň soňky gazanan topar “Mançester Siti” toparydyr.

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi