Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň neşirýat ulgamynyň kämilleşmegi, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ençeme täze kitaplaryň neşir edilmegi, kitaphanalaryň açylmagy, bar bolan kitaphanalaryň kitap gorlarynyň hem çap edilen kitaplar we elektron kitaplar arkaly üstüniň ýetirilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň giň gerime eýediginden habar berýär.
Kitap hiç wagt bahasy egsilmeýän, gymmaty gaçmaýan gymmatlykdyr. Kitaplar geçmişde ýaşan ata-babalarymyzyň taryhy paýhaslaryny, tejribelerini, häzirki döwürde gazanylan üstünlikleri we olara eltýän ýollary öz gursaklarynda saklap, okyjylara dogry ýola gönükdiriji sapak berýärler. Kitaplar geçmiş bilen geljegiň hem-de halklaryň we ýürekleriň arasyndaky baglanyşygy üzmän saklap duran bahasyz miras hasaplanylýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň many-mazmunly, şöhratly taryhymyzda mynasyp orny eýeläp, müňlerçe ýylyň dowamynda dünýäniň görnükli alymlary tarapyndan öwrenilen, netijede, gadymy siwilizasiýalaryň biri hökmünde dünýäde ykrar edilen Änew medeniýetine bagyşlanan «Änew—müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şatlyk-buýsanjyny has-da artdyrdy.
Mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynda türkmen halkynyň şöhratly geçmişi düýpli we giňişleýin beýan edilip, dürli taryhy maglumatlar berilýär. Şeýle hem bu ajaýyp eserde halkymyzyň taryhy, asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy medeni, ruhy däp-dessurlary barada söhbet edilýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylymyzda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen belent abraýa eýe bolan Türkmenistan döwletimiziň iň gadymy siwilizasiýa şäheri Änewiň mukaddes topragynda ýurdumyz özüniň gadymy taryhyna, baý milli medeniýetine ylmy we döredijilik intelligensiýanyň ünsüni çekmäge, häzirki zaman gazananlary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik alýar.
Kitapda bellenilişi ýaly, dünýä belli Wadim Masson, Rafael Pampelli, Wiktor Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlar halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlary edipdirler. Gahryman Arkadagymyz olar bilen, şeýle-de olaryň nesilleri bilen işleşmekde, ýurdumyzyň dürli künjeklerine arheologlaryň saparlaryny guramakda, umuman, gazuw-agtaryş işleri bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barmakda hem asylly işleri amal etdi.
Änew medeniýeti ekerançylygyň irki ojagy. Gadymy siwilizasiýanyň sallançagy. Ol ak bugdaýyň asyl mekany hökmünde belli. Dünýäde ilkinji bolup ak bugdaýy ösdürip ýetişdiren Änew topragy hormatly Prezidentimiziň täze kitaby bilen dünýä ýaň saldy.
Kitabyň jemlemesinde döwlet Baştutanymyz gadymy Änew medeniýetine, Gündogaryň beýik söz ussady we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan çäreleriň hem-de dabaralaryň 2024-nji ýylyň ýyl ýazgysynda mynasyp orny eýelejekdigine, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrjakdygyna ynam bildirýär. Bu başlangyçlar pähim-paýhasyň ebediligini taryhyň mysalynda ýene bir gezek dabaralandyryp, ony dünýä ýaýar.
“Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitap köpöwüşginli fotosuratlar we şekillendiriş sungatynyň ussatlarynyň surat eserleri bilen bezelip, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edilipdir. Türkmen, iňlis we rus dillerindäki eser ýurdumyzyň, şol sanda daşary ýurtlaryň giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni gürrüňsiz özüne çekýär.
Honçagül Atamyradowa,
I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň
pediatriýa dersiniň mugallymy.