SIZDEN GELENLER

Änew – döwrüň belent ruhy

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) yglan etmegi bilen baglylykda, Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejäni göterýär. Munuň özi türkmen topragynyň tutuş dünýäde ösen medeni ojaklaryň kemala gelen ýeridigini, gadymy Änewiň umumadamzat gymmatlyklaryny bitewüleşdirmekde we kemala getirmekde örän uly ornunyň bardygyny görkezýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy türkmen topragynyň taryhy künjegi — Änew has-da ösüp özgerýär, ylmy taýdan giňişleýin öwrenilýär, halkara çärelerini we täze taslamalary durmuşa geçirmäge hemişe taýýardygy nukdaýnazardan ünsi çekýär. Şoňa görä-de, üstümizdäki ýylda buýsançly derejä eýe bolan bu şäherde guralýan dabaralar, baý mazmunly çäreler diňe bir ýurdumyzyň däl, tutuş Türki dünýäsiniň taryhyna hem altyn harplar bilen ýazylýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, «Änew türkmen halkynyň şöhratly taryhynda özboluşly orny eýeleýär. Bu şäheriň Türkmenistanyň gadymy medeniýetini, milli gymmatlyklaryny, halkymyzyň däp-dessurlaryny dünýäde giňden tanatmakda möhüm ähmiýeti bardyr». Şeýle ajaýyp pikirleri öňe sürýän we milli medeniýetimizi öwrenmäge giň mümkinçilikleri açýan hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy üstümizdäki şanly ýylyň taryhy wakalarynyň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Taryhy pursatlaryň dowam edýän ýylynda ylmy-taryhy ähmiýeti bolan bu kitabyň dürli dillerde neşir edilmegi bolsa Türki dünýäsiniň medeni paýtagty bolan gadymy Änewiň şanyny has-da şöhratlandyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly kitabynda türkmen halkynyň şöhratly geçmişi düýpli we giňişleýin beýan edilip, dürli taryhy maglumatlar berilýär.

Amerikan alymy R.Pampelliniň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň günorta sebitlerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde, gadymy Änew medeniýetine degişli bolan ýadygärlikleriň çig kerpiçleriniň arasyndan bugdaý däneleri we gylçyklary ýüze çykarylýar. Ylmy hasaplamalar bu bugdaý däneleriniň biziň eýýamymyzdan öňki V müňýyllyga — gadymy Änew medeniýetine degişlidigini tassyklaýar.

Ýurdumyzyň çäginde gadymy ýadygärlikleriň giden bir toplumy ýerleşendir. Olaryň hatarynda gadymy Änew medeniýetine degişli ýadygärlikler özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýarlar. Änewe degişli bolan obalaryň galyndylary häzirki döwürde hem Çäçe obasyndan başlap, Aşgabat — Bäherden ýolunyň 73-nji kilometrine çenli aralykda duş gelýär. Esasy taryhy-medeni ýadygärlikler toplumlary hökmünde Eneolit döwrüne degişli Garadepe, Namazgadepe, Göksüýri ýaly ýadygärlikleri görkezmek bolar. Biziň eýýamymyzdan öňki V müňýyllykdan — III müňýyllygyň başlaryna çenli dowam eden Änew medeniýetinde, esasan, ekerançylyk, senetçilik, amaly-haşam sungaty we beýleki medeniýetler güýçli ösüpdir.

Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ahyrlarynda — 2000-nji ýyllaryň başlarynda belli arheolog Frederik Hibertiň ýolbaşçylygyndaky türkmen-amerikan ylmy-barlag topary Änewiň demirgazyk depesinde arheologiki gazuw-agtaryş işlerini alyp bardy. Barlaglaryň netijeleri boýunça ýörite ylmy monografiýa çap edildi. 2024-nji ýyl Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Änewde we Merkezi Köpetdagda geçirilen arheologik işler Ahal sebitiniň Ýewraziýa giňişligindäki ösen gadymy medeniýetleriň wajyp merkezi bolandygyny ýene-de bir ýola tassyklamaga mümkinçilik berdi.

Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary Natalýa Solowýowanyň bellemegine görä, Türkmenistanyň çägi gadymy döwürlerden bäri medeniýetiň dörän möhüm ojagy bolupdyr. Bu ýerde medeniýetleriň özara alyşmasy bolup geçipdir.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň çägindäki gadymy medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiligine aýan etmek bilen bagly ägirt uly işler amala aşyryldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym, medeniýet baradaky edarasy bolan ÝUNESKO bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyklar esasynda «Gadymy Merw», «Gadymy Köneürgenç», «Gadymy Nusaý» ýaly taryhy-medeni ýadygärlikler tolumlarymyz bu meşhur edaranyň Bütindünýä maddy däl medeni mirasynyň, şonuň ýaly-da türkmen halkymyzyň «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» hereketli, aýdymly milli oýnumyz, dutar ýasamak, dutarda saz çalmak we aýdym aýtmak, ahalteke atçylyk sungaty we at bezemek däpleri, milli halyçylyk sungaty, keşdeçilik sungaty ýaly milli gymmatlyklarymyz ÝUNESKO-nyň Umumadamzat maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi. Şeýle-de ynsan eli bilen döredilen täsinlikleriň onlarçasy Ginnesiň rekordlar kitabynyň sahypalaryndan hemişelik orun tapdy.

Ahal welaýaty senagat taýdan ösen merkezleriň biridir. Ak bugdaý etrabynyň çäginde 260 gektara uzap gidýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli bolan senagat zolagy ýerleşýär. Türkmen işewürleri oba hojalygynda, gurluşykda, senagatda ulanylýan serişdeler we beýleki maksatlar üçin niýetlenen önümhanalarda dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleri öndürip, içerki bazary zerur bolan harytlar bilen üpjün edýärler. Senagat şäherine öwrülen bu senagat zolagynyň güneşli Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gözelleşmeginde mynasyp orny bar.

Ak bugdaýyň ilkinji Watany bolan bereketli Änew topragynda gurlan döwrebap ýyladyşhanalarda türkmen telekeçileri gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirip, halkymyzy ýylyň ähli paslynda ter önümler bilen üpjün edip gelýärler. Bu toprakda ösdürilip ýetişdirilýän miweli baglardan alynýan hasyl diňe bir içerki bazarda ýerlenmän, eýsem, daşarky bazarlara hem yzygiderli eksport edilýär.

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bu gadymy toprak şu günlerde has-da gülläp ösüşlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň «Änew—müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly taryhy maglumatlara baý, çuň many-mazmunly kitaby bolsa, ak bugdaýyň ilkinji mekanynyň geçmiş taryhyny, bagtyýar şu gününi we nurana geljegini diňe bir ildeşlerimize däl, eýsem, dünýä ýaýýar.

Gaýgysyz Öwezsähedow,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri