Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan kemala gelen eserleri ynha ençeme ýyllardan bäri teşne kalbymyzy gandyryp, bize hakyky türkmen, beýik türkmen bolmaklygyň nusgasynyň beýany bolup gelýär. Bular barada, şol sanda, “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly gymmatly kitapda eriş-argaç beýan edilýär. Bu gün türkmeni älem-jahan tanaýar. Çünki Alym Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan, ýiti zehininden, ýürek ylhamyndan kemala gelen eserleri dürli daşary ýurt dillerine terjime edilýär, ylmy taýdan öwrenilýär, il-halka wagyz edilýär, uly höwes bilen okalýar.
“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bolup, biz, mugallymlar üçinem, mugallym hünärini ele alýan talyplar üçinem bahasyna ýetip bolmajak hazyna, ummasyz gor bolup çykyş edýär. Bu ajaýyp eser on iki bölümden ybarat bolup, olaryň ählisi durmuşda özüňe ýol-ýörelge edinen edim-gylymlaryň, görüm-göreldäň barada çuňňur oýlandyrýar. Onuň her bir bölüminde türkmen halkynyň milli döwletlilik ýörelgesiniň özboluşly aýratynlygy, şöhratly taryhymyzyň mizemezligi, asylly däp-dessurlarymyzyň many-mazmuny doly açylyp görkezilýär.
Eseriň her bir bölüminde adam durmuşynda gabat gelýän ýagdaýlar, hadysalar, wakalar barada çuňňur beýan edilýär. Olaryň ählisi ýaş nesle bilim we terbiýe bermegiň gymmatly çeşmesi bolup çykyş edýär. Taryhy çeşmelerden toplanan maglumatlar ylmy taýdan öwrenilip, rejelenip, has-da kämilleşdirilip, türkmeniň döwletlilik ýörelgesiniň esaslaryny düzmek bilen eserde jemlenipdir. Kitapda “Taryh bize jemgyýetçilik durmuşyny seljerip, ondan tejribe almaga mümkinçilik berýär” – diýip bellenýär, çünki bu kitap “adamzadyň durmuş tejribesine kämil garaýyş baradaky söhbediň beýanydyr” [1. sah. 2].
Alym Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly eseri Ýurdumyzyň çagalar baglarynda, umumy bilim berýän orta mekdeplerinde, ýörite hünär, ýokary okuw mekdeplerinde uly gyzyklanma bilen okalýar, öwrenilýär, adamyň durmuşyndaky mukaddes zatlar baradaky düşünjeler aýdyňlaşdyrylyp, ösüp gelýän ýaş nesliň aňyna siňdirilýär. Biziň ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz bu kitapdaky gyzykly wakalary, mukaddeslikler baradaky jümleleri öz çagalaryna, neberelerine okap, aýdyp berýärler, düşündirýärler. Sözlüklerde “Mukaddes”, “Mukaddeslik” düşünjeleri: 1) Keramatly; 2) Ähmiýeti boýunça örän uly we hormatly, iň ýokary, iň gymmatly; 3) Iň eziz, iň ýakyn, has arzyly diýen manylary aňladýar – diýip bellenýär [2. sah. 114; 3].
Eseriň her bir bölüminde mukaddes saýylýan zatlar barada beýan edilýär. Olar ýaş nesilleriň dünýägaraýşyna, gözýetimine çuňňup täsir edip, kalbynda orun alyp, geljekki ýoluny kesgitlemäge çyrag bolup hyzmat etjek tymsallar, taryhy rowaýatlar, hekaýatlar, nakyllar we atalar sözleriniň üsti bilen bize ýetirilýär.
Eserde Watan, öý-ojak, maşgala, ene-ata bilen çagalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň esaslary ýaly gymmatlyklar, mukaddeslikler barada beýan edilýär. Türkmen halkynyň kalbyna ornaşan agzybirlik, oňat adamkärçilik, suhangöýlük, okymyşlyk, edermenlik, mähremlik ýaly gylyk-häsiýetleriň, ýaşula hormat goýmak, kiçini sylamak, ejize goldaw bermek, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek bilen bagly gadymy däp-dessurlaryň özboluşly aýratynlygy dogrusynda hem söz açylýar. Kitabyň her bir bölüminde durmuşyň gönezligi, zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, ynsaply bolmak, agzybirlik ýaly düşünjeler barada giňişleýin beýan edilýär. Şeýle hem onda paýhasly bolmagyň zerurlygy, başyna barlan işiň rowaç bolmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda halkymyzyň döreden rowaýatlarynyň şöhratly ata-babalarymyzyň wesýeti hökmünde köpasyrlyk durmuş paýhaslaryny özünde jemleýändigi barada aýdylýar. Alym Arkadagymyz geçmişiň tejribesini geljek üçin aýap saklamagyň we ertire ýetirmegiň her birimiziň we halkymyzyň öňünde durýan mukaddes borçdugyny belleýär, milli mirasymyzyň tutuş adamzadyň durmuş tejribesi bilen baglydygy hakynda gürrüň açýar. Onda adamlaryň özara gatnaşyklary, olaryň tebigat bilen aragatnaşyklary we adamyň tebigatda hem jemgyýetde tutýan orny hakyndaky düşünjeler dürli wakalaryň üsti bilen giňden hem çuňňur düşündirilýär.
Mähriban Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden hem-de bize wesýet eden belent maksatlary şu günki we geljekki nesiller üçin nusgalyk bolup, olar, durmuşda bolşy ýaly, çeper döredijilikde hem öz beýanyny tapmalydyr. Munuň özi halkymyzyň bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda toplan baý tejribesini we döreden mümkinçiliklerini oýlanyşykly peýdalanmagyň aýratyn ähmiýetlidigine möhüm üns berilýändigine şaýatlyk edýär.
Biz aşakda kitabyň her bir bölüminden ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde gymmatly orun tutýan mukaddeslikler barada durup geçdik.
Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň “Asmandan arkaly, zeminde zynatly” atly ilkinji bölümi naýbaşy mukaddesligimiz bolan eziz Watanymyzyň gadyr-gymmatynyň, hem-de adam gymmatlygynyň beýanyndan başlanýar. Mähriban Arkadagymyz Watanymyza “ajaýyp” – diýýär we oňa “Asmandan arkaly, zeminde zynatly” – diýip baha berýär, Watany Watan edýän “adam gymmatlygy” barada pikir ýöredýär. Adam gymmatlygyny Alym Arkadagymyz şu zamanyň derwaýys ýörelgesi hasap edýär. Çünki “…ýokary derejeli gymmatlyk Zeminiň abadanlygydyr, sagdyn durmuşda eşretiň hözirini görüp ýaşamakdyr” – diýip kitapda nygtalýar [1. sah. 4-5].
Eseriň “Zeminiň abatlygy – ýaşaýşyň ebediligi” bölümindäki “Oguz han öz ogullarynyň ady bilen Zeminiň abatlygynyň senasyny ýazypdyr” diýen setirler Gözel Tebigatyň hem mukaddeslikdiginiň nyşanydyr. Eserde “Çünki Gün topraga ýylylyk çaýmasa, Aý şuglasy bilen gijeleri ýagtyltmasa, Daglar “ýeriň myhy” bolup, Deňizler ýeriň süňňüne jan bermese, Ýyldyzlar ýyldyrap Gökdäki ýagtylykdan Ýere nur çaýmasalar, dünýäde, neneň, owadan durmuş bolsun?!” – diýip jaýdar bellenýär [1. sah. 26].
“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyň “Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar” bölümi biziň ünsümizi has-da özüne çekýär. Bölüm “Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir” diýen setirlerden başlanýar. Eger-de ylym-bilim iň gymmatly miras bolsa, onda ol hem mukaddeslikdir. Alym Arkadagymyz has düşnükli bolar ýaly “Ylym netijelilikdir, bilim tejribedir. Bilim ylma barýan ýagtylyk bolup, onda hem paýhas, hem-de hadysalaryň göz ýetirilen hakykaty bardyr” – diýip bir rowaýaty mysal getirýär. Rowaýatda “Bilimiň her zerresi altyn ahyry” diýen setirler bar [1. sah. 78].
Kitabyň “Saglyk – abatlyk” diýen bölümindäki “Saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsietlendirilýär” diýen setirleri adamyň durmuşynyň gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydygy barada beýan edýär. Her bir döwletde öz halkynyň saglygynyň aladasynyň edilýändigi barada bellemek bilen, “Türkmençilikde salamlaşylanda hem ilkinji nobatda saglyk-amanlyk soraşylýar” – diýip kitapda ündelýär. “Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: “Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk anyň soltanydyr” – diýilýär. Halkymyzyň edep-terbiýe ulgamyndaky päkize ýaşamak babatyndaky edim-gylymlary hem saglyk hakyndaky aladalardan gözbaş alýar. Çünki, rowaýatda bellenişi ýaly, “saglyk ynsanyň on iki synasynyň abatlygyndadyr” [1. sah. 100-101, 102].
Mähriban Arkadagymyz eseriň “Zähmetsöýerlik – gaýratlylygyň gözbaşy” atly bölüminde şeýle ýazýar: “Zähmet adamy adam edýär! Ýöne zähmetsöýerligi terbiýelemek aňsat iş däldir. … Zähmetiň fiziki zähmet hem-de akyl zähmeti diýen ýaly görnüşleri bar. Olar öz arasynda umumy häsiýeti kemala getirýärler”. Bu bolsa ýaş nesle bilim we terbiýe bermegiň esasy ugurlarynyň biridir. “Zähmet düşünjesiniň anyk kesgitlemesi netijelilikdir. Ýaş nesillerde zähmete söýgini terbiýelemek diýmek, olara wagty netijeli peýdalanmak diýmekdir” – diýip Alym Arkadagymyz belleýär [1. sah. 128, 129].
Eseriň “Myhmansöýerlik” bölüminde türkmeniň myhmansöýerlik däp-dessurlarynda adamyň zähmete bolan söýgüsi açylyp görkezilýär. “Myhmabsöýerlik däp-dessurlary halkymyzyň zandyndaky häsiýetleriniň biridir. Çünki bu däp-dessurlar adamlaryň özara ýakynlaşmagynyň iň ynamly serişdesidir” – diýip Arkadagymyz belleýär [1. sah. 152]. Bu ýerde myhmany kabul etmegiň, myhman sowmagyň, özüňi-de myhmançylykda asylly alyp barmagyň kadalary barada oňat terbiýe berijilik ähmiýetli jümleler bar.
Gahryman Arkadagymyz eseriň “Dostluk asylly ýörelge” atly bölüminde “Dostluk – asylly häsiýetleriň jemidir. Dostlar dosty üçin mähribanlyk, hoşgylawlyk edip, birek-biregiň iň gowy häsiýetleriniň ösmegine mümkinçilik döredip bilýän adamlardyr.” – diýilýär [1. sah. 168]. Bu bölümde iki adamyň dostlugynyň gadyr-gymmaty bilen çäklenmän, eýsem, dürli döwletleriň dostlukly aragatnaşyklarynyň dünýäni nurlandyrýandygy barada aýdylýar.
Eseriň “Ynsaplylyk” bölümi “Halkymyzda ynsap adamkärçiligiň iň gymmatly ölçegi hasap edilýär. Ene-atadan nesle miras geçýän iň asylly gymmatlyk ynsapdyr. Adamlaryň iň ýakynlary hem mähribanlary ynsap ölçegine deňelýär” – diýen pikir bilen başlanýar. Adamyň dünýä inip oňa akyl ýetirip başlan pursadyndan ýagşy göreldelerden ugur alyp kemala gelmeklige gönükdirilýär. “Owalynda adamyň ynsaby bolmaly” diýýän eneleriň sözleri her bir adam üçin ömürlik şygar”. “Türkmençilikde beren sözüňde tapylmak, ejizi goldamak, ylymly adamlara hormat goýmak, akyldarlaryň pendini almak ýaly ýörelgeler jemgyýetiň kämilleşmegine itergi berýändir” – diýen setirler munuň aýdyň mysalydyr [1. sah. 194, 195, 197-198].
Kitabyň “Agzybirlik” atly bölüminiň terbiýe berijilik ähmiýeti uludyr. Onda “Beýik maksat tutup öňe barýan il-ulsumyzyň baş arzuwy agzybirlikdir. Agzybirlik ýagşy amallary hasyl etmegiň hatyrasyna jebisleşmegi aňladýar. … Agzybirlik adalatlylygyň we döwletliligiň sütüni. “Agzybire Taňry biýr” diýen ynamyna ygrarly bolup, durmuş ýörelgelerini kemala getiren ata-babalarymyz nesillerine agzybirlik hakynda köp tymsallary galdyrypdyr” – diýilýär [1. sah. 234-235]. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Oguz han atamyzyň öz ogullaryna agzybirligi pent edişi barada hem beýan edilýär.
Eseriň “Durmuşyň kadasy – paýhas pendi” bölüminde akyl-paýhasyň gymmaty barada söz açylýar: “Ata-babalarymyzyň, meşhur taryhy şahsyýetlerimiziň il-ulsumyza galdyran pentleri asyrlaryň gatyndan many saçýar. … Adam eýýamlaryň dowamynda ömür sürüp, bir hakykaty kesgitli ykrar etdi: akyl-paýhas könelmeýär. Wagt geçýär, akyl-paýhasyň manysy dür bolup öwüşgin atýar. Il-halkymyzda akyl-paýhasly çözgütleriň durmuşdaky ähmiýetini düşündirýän tymsallaryň birnäçesi döredilipdir”. Bu tymsallar dürli ýagdaýlarda iň dogry ýoly saýlamaga mümkinçilik beripdir. Ata-babalarymyzyň az sözläp, köp diňlemegiň peýdasy barada nygtap aýdandyklary barada hem bu kitapda örän jaýdar beýan edilýär [1. sah. 256].
Mähriban Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp eseriniň “Ýoluňyza rowaçlyk nur saçsyn!” bölüminde “Gadymy heňňamlar öz owazasyny äleme ýaýypdyrlar. Şonuň üçinem ynsanlar asmana söýgi, Zemine hem yhlas bilen ömür ýollaryna şugla saçýarlar. Çünki asman – Zeminiň bitewiligi Oguz hanyň erkana il bolup, parahat ýaşamak hakyndaky ýörelgesiniň örküdir” – diýen setirler bar. “Ata-babalarymyzyň pähimli tymsallary olaryň nesillerine ýollan köňül namalarydyr. Atalaryň pendi bolsa, nesiller üçin müdimi eýerilmeli tälim-terbiýedir. Biz atalaryň wesýetine hemişe ygrarly ýaşamagy öz durmuş ýörelgämize öwürdik.” – diýip, Arkadagymyz dowam edýär. Şeýle-de, “Il-ulsumyzyň Oguz han zamanyndan bäri dowam edip iň ygrarly ýörelgesi agzybirlikdir” – ýaly setirler agzybirlik düşünjesini mukaddeslik derejesine göterýär. Eseriň bu bölüminde Mähriban Arkadagymyz adalat, adalatlylyk barada hem söz açýar. Adalatly ýaşamaklykda her bir ynsanyň ýoluna rowaçlygyň nur saçýandygy barada pikirini nygtaýar [1. sah. 278].
Kitabyň “Manysyny tirmegi okyja goýan rowaýatlarym” atly bölümi birnäçe rowaýatlardan, tymsallardan ybarat bolup, onda adamlaryň özara gatnaşyklary, jemgyýetde tutýan orny barada söz açylýar. Türkmen halky öz gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan milli ýörelgeleri bilen tapawutlanýar. Milli kökleriň esaslaryny goýan dana hem parasatly ata-babalarymyz dowamaty berkden dowam bolan, asyrlar boýy ähmiýetini hem gymmatyny ýitirmän, gaýtam barha berkeýän, nesillere halky ýörelgeleri wesýet edipdirler. Ol ýörelgeleriň maýasy hem – türkmeniň döwletlilik ýörelgesidir. Şolaryň netijeli peýdalanylmagy bolsa nesil terbiýesinde has wajypdyr.
Nesil terbiýesiniň sakasynda duran mährem ene-mamalarymyz, gaýratly ata-babalarymyz biziň her birimiz üçin iň mukaddes ynsanlardyr. Mähriban Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyndaky rowaýatlaryň biri hem “Ene hormaty” atly enäniň hatyrasyna bagyşlanan pähim-paýhasydyr. Bir danadan “Taňrydan ýalkawly iň hormatly ynsan kimdir?!” – diýip soralanda, ol birinji gezek “Ene” diýip, ikinji gezek hem “Ene” diýip jogap berýär. Emma üçünji gezek “Soňra kim? – diýip soralanda ol “Ata” diýip jogap berýär. “Dünýäniň tükeniksiz syrlaryndan habarly dananyň jogaby adamlary oýlandyrypdyr” – diýen setirleriň özi bizi çuňňur pikire batyrýar [1. sah. 288]. Köneler “Käbäm – enem, Kyblam – atam” diýipdirler. Adamyň barlygynda ýyly mähir berýän enelerimiziň, arkamyzda dag ýaly bolup durýan atalarymyzyň arkama-arka gudratyny näme bilen deňeşdirip bolar?! Elbetde, bu mukaddeslikler döwletliligiň sakasynda duran mährem ene-mamalarymyz, merdana ata-babalarymyzdyr. Döwletlilik ýörelgesiniň esaslaryny öwredýänler hem Käbe-Kybla ene-atalarymyzdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaby ata Watanymyza, ene topragymyza, şöhratly taryhymyza, asylly ýol-ýörelgelerimize hormat goýmagyň we olary sarpalamagyň belent nusgasydyr. Hut şonuň üçinem watansöýüji, zähmetsöýer nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde bu kitabyň ähmiýeti juda uludyr. Şol sebäpden hem Alym Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly eseri – terbiýeçilik işinde gymmatly çeşmedir.
Görşümiz ýaly, kitapda watançylyk ruhunyň, ahlak we zähmet terbiýesiniň ösüp gelýän ýaş nesliň durmuşynda tutýan orny halk hakydasyndaky rowaýatlaryň we hekaýatlaryň çuňňur many-mazmunynyň üsti bilen mukaddeslik derejesinde giňişleýin açylyp görkezilipdir. Gahryman Arkadagymyzyň bu eserinde merdana türkmen halkynyň geçmişi bilen şu güni baglanyşdyrylyp, ata-babalarymyzyň medeni we ruhy mirasyna aýawly garaýan türkmeniň mukaddeslik derejesine göterilen gymmatlyklary barada beýan edilipdir.
Aýjemal Rahimowa, Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
pedagogika kafedrasynyň mugallymy.
Gülälek Kurbanowa, Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
“Başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy”
hünäriniň III ýyl talyby.