Azerbaýjanyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Mezahir Penahow, häzirki prezident Ilham Aliýewiň deslapky netijelere görä, prezident saýlawynda 92,1 göterim ses alyp, ýeňiş gazanandygyny habar berdi.
Penahow ýurtda geçirilen prezident saýlawlary bilen baglanyşykly metbugat ýygnagyny geçirdi.
Saýlawda 4 million 971 müň saýlawçynyň ses berendigini mälim eden Penahow, gatnaşyjylaryň 76,73 göterimdigini aýtdy.
Saýlawlarda ýeňiş gazanan Ilham Aliýewe dünýä liderleri gutlaglaryny iberdi. Hytaýyň Başlygy, Eýranyň, Prezidenti, Özbegistanyň Prezidenti we beýleki köp ýurduň ýolbaşçylary Ilham Aliýewi saýlawlarda gazanan uly ýeňşi bilen gutladylar.
