Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko 2025-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlaryna gatnaşmak isleýändigini mälim etdi.
Aleksandr Lukaşenko dynç güni öz ýurdunda geçirilen parlamentiň aşaky palatasynyň deputatlaryny saýlamak üçin geçirilen saýlawlarda ses berdi.
Minsk şäheriniň Bedenterbiýe döwlet uniwersitetindäki 478-nji saýlaw uçastogynda ses beren Lukaşenko bu ýerde habarçylar bilen geçiren söhbetdeşliginde 2025-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlarynda dalaşgär boljakdygyny mälim etdi.
