SIZDEN GELENLER

Akyldar Pyragynyň arzuwlan zamanasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri akyldar Pyragynyň arzuwlan zamanasydyr. Bu döwür ussat şahyrymyza goýulýan hormat-sarpanyň has ýokary göterilen eýýamydyr. «Magtymguly diýip adym tutsalar…» diýen şahyryň dürdäne setirleri bu gün älem-jahana ýaýylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen şahyryň şygyrlary dünýä dillerine terjime edilýär, olary çuňňur öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Şahyryň «Daýym, dessan bolsun älemde adyň» diýip aýdany bu gün hakykat ýüzünde hasyl boldy.

Magtymgulynyň goşgularynda türkmeniň milli lybaslary, esasanam, türkmen gelin-gyzlarynyň özboluşly biçüwli lybaslary wasp edilýär. Şahyryň «Geýinipdir gyzyl-aly» diýen goşgy setirinde al-gyzyl köýnekli türkmen gelin-gyzlarynyň mylaýym keşbi suratlandyrylýar. Şeýle-de gyzyl reňkli lybaslaryň ýaş zenanlara mahsuslygy inçelik bilen öz beýanyny tapýar. Pyragy «Boýlaryňa» atly şygrynda:

Gülden puşeş ýaraşypdyr,
Ajap rahat boýlaryňa —

diýip uzyn boýly, nurana roýly dilberiň hem-de oňa gelşik berýän nepis keşdeli gyrmyzy keteni lybasynyň waspyny ýetirýär. Elbetde, türkmen halky öňden-ahyra zenany ar-namysy, ýüzüniň tuwagy, başynyň täji hasaplapdyr. Şonuň üçin-de oglan we gyz çagalaryň terbiýeleri-de aýry bolupdyr. Gyz çagalar «gülüm» diýlip söýgülenipdir.

Magtymguly Pyragy «Türkmeniň» atly goşgusynda:

Al-ýaşyl bürenip çykar perisi,
Kükeýip bark urar anbaryň ysy —

diýmek bilen türkmen zenanlarynyň milli lybaslaryny: bürenjeklerini, başatgyçlaryny, ýüpek ketenilerini, begresdir çabytlaryny göz öňüňde janlandyryp, olardan türkmen tebigatynyň dertlere melhem bozgunç hoşboý ysynyň gelýändigini beýan edipdir. Şol ajaýyplyklaryň sazlaşygynyň türkmen gelin-gyzlarynyň hoşsuratyny has-da görklendirýändigini şahyrana dil bilen nygtapdyr.

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Nusgawy şahyryň watançylygy, ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolup, dünýä edebiýatynyň altyn gaznasynda özüne mynasyp orna eýedir. Şonuň üçin 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemäge uly taýýarlyk görülýär.

Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edilmegi, ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2023-nji ýylyň maý aýynda geçirilen mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi meşhur söz ussadynyň belent ynsanperwer taglymlara ýugrulan döredijilik mirasynyň diňe bir türki dilli halklaryň däl, eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasydygyny tassyklamak bilen, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Aziza Rematullaýewa,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri