SIZDEN GELENLER

Ak sogan  

Ak sogan  soganlar maşgalasyna degişli bolan iki ýyllyk gök ekin. Ýabany tebigatda soganyň 750 görnüşi mälim bolup, olaryň 300 görnüşi ak kelleli soganyň görnüşlerine degişli. Şolardan 7 görnüşi medenileşdirilen. Ylmy maglumatlara görä daşky reňklerine görä ak, sary, melewşe reňkli soganlar  şol bir biologiki görnüşe degişli  diýlip hasaplanýar.  Ak soganyň daşy ak reňkli togalakdan ýassy görnüşde.  Gabygy ak kagyzy ýa-da salýar. Birinji ýyly  düýp sogan, ikinji ýyly tohum (miwe) emele getirýär. Ekilenden iki hepde geçenden soň ýeriň ýüzünde iki eplenen görnüşinde öserler peýda bolýar. Ilki bada sogan haýal ösýär. Gögerenden 20-25 gün geçenden soň öseriniň düýbünde emele gelen pyntyjakdan sogan gögerip başlaýar. Ak soganyň kökleri güýçli ösüş häsiýetde bolýar. Kökleri toprakda 30 sm çuňlukda ýerleşýär. Kök düýbi gapdala gidýän köp sanly kökjagazlardan durýar. Ak sogan  mehaniki düzmi ýeňil topraklarda has gowy ösýär.

Sogan ösdürip ýetişdirilende dökünlenşine uly üns bermeli. Ilki güýz sürüminiñ aşagyna dersiñ we kaliýniñ kadasynyñ hemmesini, fosforyñ ýyllyk kadasynyñ 75%-ni bermeli. Ekişden öñki bejergide fosforyñ galan 25% , soganyñ 1–2 sany hakyky ýapragy emele gelende azodyñ ýyllyk kadasynyñ 50%-ni we soganlygy ösüp başlanda hem azodyñ galan 50%-ni bermeli.  Sogan ekiljek ýere dersi örän gowy çüýredip dökmeli. Çüýremedik ders dökülende, sogan hasylyñ hili ýaramazlaşýar we gyş aýlary uzak saklanman zaýalanýar. Kaliý dökünleri ýeterlik bolanda, soganda gantlaryñ saklanyşy artýar we hasyl uzak wagtlap  zaýalanmaýar. Organiki dökünleriň artykmaç berilmegi netijesinde topragyň turşylyk derejesi artmagy mümkin. Bu bolsa soganda dürli keselleriň ýüze çykmagyna getirýär. Soganyň ösüş dowamlygy sorta bagly bolýar. Umumulykda aýdylanda sorta we sogan görnüşine görä 90–105 gün  we ondan hem köpräk  aralygynda ýetişýär.

Ak sogan beýleki sogan görnüşlerinden makro we mikro elementlere baýlygy bilen tapawutlanýar. Ak soganyň ýiti ysy we ajy tagamy beýleki soganlardan pes bolýar. Sebäbi ak soganyň düzminde tebigy şeker köp bolup, ajy tagamy beriji kükürt elementi az mukdarda saklanýar. Şol sebäpli ak soganyň saklanyş  möhleti beýleki soganlardan gysga.

Ak sogana günorta Amerika, Meksika, Italiýa we Aziýa döwletlerinde isleg örän uly. Sebäbi ter görnüşinde  dürli naharlarda köp ulanýarlar. Ýewropa döwletlerinde hem ak sogana isleg bildirilýär, emma Fransiýada dünýä belli bolan sogan çorbasyny diňe ak sogandan taýýarlaýarlar. Şeýlelik-de ak soganyň 100 gramynda 44-45 kilokaloriýa saklanýar.    Käbir maglumatlarda belok maddasy  1.5 gram, ýaglar ýok diýen ýaly emma uglewodlar 11 grama çenli saklanýar diýlip bellenip geçilýär.  Ak soganyň  gyzyl sogandan tapawutly aýratynlygy düzmünde demir duzlarynyň köp mukdarynyň saklanmagy.  Gök ekin demiriň çeşmesi  bolup, gemoglobiniň sintezine gatnaşyp adamda gan azlyk keseline garşy göreşýär. Ak soganyň ýygy-ýygydan iýilmegi organizmde gyzyl gan öýjükleriniň emele gelmesini ýokarlandyrýar. Organizmde limfa akymyny gowlandyryp, gan damarlaryň diwarlaryny berkidýär, holosteriniň mukdaryny peseldýär. Aýratyn hem fitonsidler adamyň immun ulgamyny ýokarlandyryp kesellere garşy durnuklylygy ýokarlandyrýar. Ak soganyň ajylyk derejesi pes bolsa hem fitonsidleriň ýeterlik mukdaryny saklaýar .

Ak soganyň düzmünde saklanýan sink elementi inisuliniň bölünip çykmagyny ýokarlandyryp gandaky şekeriň mukdaryny peseldýär. Witaminlerden  S witamin  ýa-da  askorbin kislotasy, Ýe, H,PP witaminler beýleki sogan görnüşlerinden köp saklanýar. Minerallardan  fosfor, sink, magniý, kaliý elementlerinede baýdyr.

 

                                                           MAÝA HAJYÝEWA, 

                                              Türkmen oba hojalyk institutynyň

                                                 Agrohimiýa we topragy öwreniş

                                                                  kafedrasynyň mugallymy   

 

 

Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi

 

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika