SIZDEN GELENLER

«Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» halkara sergisi geçirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalary işjeň ösdürilýär, bu ugur boýunça iň kämil, täze, döwrebap serişdeler giňden ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň azyk önümçiligine degişli pudagyň ornunyň berkidilmegi amala aşyrylýan durmuş-ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 15-nji maýynda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» halkara sergisi öz işine başlady. Serginiň açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň ýurtdaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Bu halkara sergisi azyk önümçiligi babatda öňdebaryjy dünýä tejribesiniň öwrenilmeginde hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde ýakyndan ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan azyk bolçulygyny döretmäge işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde dünýäde giňden ykrar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda şeýle belleýär: «Döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolan azyk howpsuzlygy bilen bagly wezipeleri durmuşa geçirmekde gazanylan netijeleri giňden açyp görkezýän bu sergi ilaty azyk önümleri bilen durnukly üpjün etmekde, içerki bazarda şol harytlaryň bolçulygyny hem­de howpsuzlygyny yzygiderli pugtalandyrmakda biziň ýurdumyzda berk ykdysady binýadyň döredilýändigine şaýatlyk edýär. Onuň azyk önümçiliginiň öňdebaryjy tehnologiýalaryny alyşmaga, bu ugurda maksatnamalaýyn taslamalara maýa goýumlary çekmäge, onuň ygtybarly ulgamyny döretmegiň usullaryny işläp düzmäge we amala aşyrmaga gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn».

Bu halkara sergide daşary ýurtlaryň degişli pudaklarynyň kompaniýalary bilen bir hatarda Türkmenistandan hem bu ugurlarda iş alyp barýan köpsanly telekeçiler we kompaniýalar azyk önümçiliginiň enjamlary, gaplama önümleri we gaplama enjamlary, azyk önümleri we iýmit goşundylary, çörek we çörek önümleriniň tehnologiýalary, däne saklaýyş we degirmen ulgamlary, ýyladyşhana, bagçylyk we tokaýçylyk ugurlary, guşçulyk we maldarçylyk üçin niýetlenen enjamlar, oba hojalyk önümleri, tohumlar we dökünler, suwaryş ulgamlary ýaly ugurlar boýunça öz hyzmatlaryny hem-de önümlerini hödürleýärler.

Ýurdumyzyň azyk önümçiliginiň hil taýdan täze derejä çykarylmagy halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň esasy maksatlarynyň biridir. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi zalynda geçirilýän bu sergi öz işini 17-nji maýa çenli dowam eder.

Aýgül MÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

Ýene-de okaň

Sanly ulgam – täze mümkinçilikleriň sazlaşygy

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy