BIZNES

Ägirt uly energiýa taslamalary durmuşa geçýär

Ýangyç -energetika toplumynyň möhüm wezipesi energiýa serişdelerine artýan içerki islegleri kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň, şol sanda nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk senagaty we beýleki pudaklaryň okgunly ösýändigi bilen şertlendirilendir.

Soňky  ýyllaryň dowamynda ýangyç çig malyny düýpli gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen ägirt uly döwrebap senagat kärhanalary işe girizildi.

Hususan-da, şolaryň hatarynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda benzin öndürýän desga, Gyýanlydaky ýokary dykyzlykdaky polietilen hem-de dürli görnüşli polipropilen öndürýän polimer zawody hem-de Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawod bar. Bu desgalar Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň hem-de banklarynyň gatnaşmagynda guruldy.

Häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gudrony haýal kokslamak we asfaltsyzlandyrmak boýunça täze desgany gurnamak işleri amala aşyrylýar. Munuň özi nebitiň we kondensatyň düýpli gaýtadan işlenilmegine, geljekde bolsa iňňeli koksuň önümçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň maksatnamasynda Ahal welaýatynda sintetiki benzini öndürýän kärhananyň ikinji nobatdakysyny, Balkan welaýatynda metildietanolamin öndürýän desgany hem-de Gyýanlydaky polimer zawodyndan izobutan öndürýän desgany, kauçuk, polistirol, poliwinilasetat, metanol we beýleki önümleri çykarýan zawodlary gurmak göz öňünde tutulýar.

Umuman, bularyň ählisi ykdysadyýetiň innowasion ugruny berkitmäge, eksport ulgamynda ýokary goşmaça bahaly önümleriň paýyny artdyrmaga mümkinçilik berer.

www.atavatan-turkmenistan.com degişli habarlary

«Mitsubishi Corparation» : Galkynyş gaz ýatagynda täze taslama

Italiýanyň “Eni” kompaniýasyndan 2,2 milliard dollar maýa goýum

Dragon oil: 7 milliard dollar möçberinde göni maýa goýum

CNPC : Türkmenistana 8,3 milliard dollar maýa goýum

Türkmen tebigy gazy Russiýa iberilýär

Petronas Charigali : Hazaryň Türkmen bölegine 11 milliard dollar

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Gazagystan: haryt dolanyşygy 1 milliard dollara ýetiriler

IFT-2025: ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekildi

Ata Watan Eserleri

«Ýyldyz»  myhmanhanasynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar

Hytaý 13 ýyl bäri Türkmenistanyň iň uly söwda hyzmatdaşy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan 11 milliard dollar möçberinde maýa goýumlary çeker

Adem Kula: maýa goýumlar türki dünýäsiniň ösüşiniň açarydyr

Ata Watan Eserleri