ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde “Medeni mirasy goramak saklamak boýunça Ilçileriň gaznasy” (AFCP) maksatnamasynyň 27-nji taslamasynyň ýapylyş dabarasyny üstünlikli geçirdi. Taslama Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Şähryslam taryhy ýadygärliginiň XI asyra degişli suw howdanlaryny (sardobalary) we kerwensaraý diwarlaryny dikeltmegi we gorap saklamagy maksat edinipdi.Orta asyr ýazuw çeşmelerinde Täk Ýazyr galasy diýlip atlandyrylýan Şähryslam taryhy ýadygärligi Bäherden şäherinden 20 km demirgazykda ýerleşýär. Bir wagt Şähryslam Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm duralgasy bolupdyr. Sebidiň söwda we senetçilik merkezi bolup, ösüşiniň iň ýokary derejesinde 100 gektar meýdany eýeläpdir. Şeýle hem Şähryslam 60×80 santimetr ölçegdäki bişen kerpiçden ýasalan suw geçirijiler ulgamyna eýe bolupdyr. Bu ulgam, suwaryş tunelleri we kerpiçden ýasalan beýleki geçirijiler arkaly Köpetdagda (şäherden 20 km uzaklykda) ýerleşýän çeşmelerden şähere suw getiripdir.
Bu “AFCP” taslamasynyň çäginde Taryh institutynyň hünärmenleri suw howdanlardan, ýagny sardobalardan, ýygnalan çägäni çykaryp, olaryň girelgelerini dikeltdiler; sardobalaryň diwarlary we gümmezleri berkidilip, töweregindäki kerwensaraýyň gala diwarlary hem dikeldildi. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky şäherleriň binagärligini, ykdysadyýetini we medeniýetini öwrenmek üçin bahasyna ýetip bolmajak maglumatlary berýän arhitektura galyndylary we arheologiki tapyndylar Şähryslamda tapylmagyny dowam etdirýär. Taslamanyň iň täsir galdyryjy tarapy — Taryh instituty we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi özara döwlet-hususy hyzmatdaşlyk arkaly taslamany möhletinden öň tamamladylar.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu S. Klimow ýapylyş dabarasynda çykyş edip, “Türkmenistanyň baý medeni mirasyny görkezýän Şähryslam (beýleki 29 taslama ýaly), “AFCP” we beýleki medeni maksatnamalar arkaly Amerikan we Türkmen alymlarynyň we guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga ylham berjekdigine berk ynanýarys. Türkmenistan hakykatdan hem “AFCP” maksatnamasynyň taslamalary üçin dünýä boýunça ülňüleri kesgitledi!” Şeýle hem Ilçi Klimow, Şähryslam taryhy ýadygärligine we ABŞ-Türkmenistan hyzmatdaşlygyna has köp ünsi çekmäge ýardam berjek “AFCP” maksatnamasynyň şu taslama degişli täze belgisini dabaraly ýagdaýda açdy.
2001-nji ýylda döredilen gününden bäri, «AFCP» maksatnamasy dünýäniň 130-dan gowrak ýurdynda medeni mirasy gorap saklamak boýunça 1000-den gowrak taslama goldaw berdi. Şu güne çenli «AFCP» maksatnamasy Türkmenistanda 30 sany taslama üçin, takmynan 2 million ABŞ dollaryna barabar möçberde maliýe baýraklaryny gowşurdy. Şeýlelik bilen, Türkmenistan «AFCP» maksatnamasynyň baýraklary boýunça dünýäde birinji orny eýeleýär.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň soraglaryny ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň maglumat we medeniýet bölümine ibermegiňizi haýyş edýäris: USEmbassy-Ashgabat-PAS@state.gov