Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň Kent döwlet uniwersitetine saparynyň çäklerinde ABŞ bilen Türkmenistanyň uniwersitetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen möhüm gepleşikler geçirildi. Wise-prezident Marçello Fantoni bilen bolan duşuşykda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň birnäçe möhüm ugurlary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, Kent döwlet uniwersiteti bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýol kartasynyň taslamasy we hyzmatdaşlygyň mehanizmleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, geljekde Kent uniwersitetiniň şahamçasynyň açylmagyna esas boljak Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň esasynda bilelikdäki okuw meýilnamalaryny, şeýle hem goşa maksatnamalary işe girizmek boýunça işe başlamak barada ylalaşyk gazanyldy. Gepleşikleriň dowamynda ABŞ-nyň SUSI, Fulbright, IVLP we başga maksatnamalarynyň mümkinçilikleri hem göz öňünde tutuldy.
Saparyň dowamynda wekiliýet moda pudagyndaky işler görkezilen dizaýn fakultetine baryp gördi. Fakultetiň wekilleri moda we dizaýn pudagynda innowasion çözgütleri işläp taýýarlamak we döretmek üçin ulanylýan häzirki zaman usullary we çemeleşmeleri barada gürrüň berdiler. Hyzmatdaşlygyň bu ugry halkara bazarynyň talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamak üçin möhümdir.
Gurluşyk we binagärlik fakultetinde wekiliýete binagärlik çözgütlerinde, akylly şäherleri işläp taýýarlamakda, häzirki zaman materiallary peýdalanmakda ulanylýan emeli aň ugrundaky soňky gazanan üstünlikler barada maglumat berildi. Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň möhüm bölegi hökmünde saglygy goraýyş edaralarynyň taslamasyny taýýarlamaga aýratyn üns berildi. Şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituty bilen hyzmatdaşlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygyň iň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek üçin birnäçe webinar guramak barada ylalaşdylar.
Saparyň soňky bölüminde işewürlik fakultetinde maliýe, marketing, söwda we dolandyryş ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamaga häzirki zaman çemeleşmeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Wekiliýet bilim derejesiniň hilini has-da ýokarlandyryp biljek 360 gradus görnüşli umumy sapaklar üçin niýetlenilen okuw otaglary we umumy sapaklary ýazmak ulgamlary ýaly iň täze bilim tehnologiýalary bilen tanyşdy. Ara alyp maslahatlaşmagyň möhüm bölegi hökmünde häzirki zaman işewürlik şertlerinde netijeli zähmet çekmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamak boldy.
Kent uniwersitetiniň wekilleri bilen geçirilen gepleşikler, şeýle hem esasy fakultetlere baryp görmek bilim we ylym pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ýokary mümkinçilikleri görkezdi. Taraplar ýakyn geljekde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda akademiki we ylmy gatnaşyklary pugtalandyrjak ýol kartasynyň durmuşa geçirilmegini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirmekçi.