DÜNÝÄ

ABŞ-nyň ilçisi: geljege nazar – indiki 30 ýyl

Şu ýyl Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Şunuň bilen baglanyşykly ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy metbugat brifingini geçirdi.

ABŞ-nyň ilçihanasynyň binasynda geçirilen brifinge “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hem gatnaşdy. Brifingde ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Metýu Stiwen Klimow türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň 30 ýyllygy mynasybetli gürrüň berdi.

DIPLOMATIK GATNAŞYKLAR…

Ilçi Klimow 1992-nji ýylda ABŞ-nyň şol döwürdäki Prezidenti Jorj Buş-ulusy Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna bagyşlanyp degişli karara gol çekendigini we şol ýyl ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň öz işine başlandygyny belledi.

Türkmenistan bilen ähli ugurlarda, hususan-da, syýasy, söwda-ykdysady, ekologiýa ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini bellän ilçi Klimow Türkmenistan bilen sebitiň howpsuzlygy we durnuklylygy, söwda-ykdysady gatnaşyklar we adam mümkinçilikleri ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyny belledi.

SÖWDA-YKDYSADY…

Ilçi Klimow Türkmenistan bilen söwda-ykdysady babatda hyzmatdaşlygyň ösýändigini, köp sanly amerikan kompaniýalarynyň, hususan-da, “Boeing”, “John Deere”, “Case New Holland”, “General Electric” ýaly kompaniýalaryň işjeň iş alyp barýandygyny mälim etdi.

ABŞ-nyň ilçisi Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini, 2020-nji ýyla garanyňda, 2021-nji ýylda haryt dolanyşygy 2 esse ýokarlanyp, 100 million dollardan gowrak bolandygyny belledi.

Türkmenistana “Fitch Ratings» halkara reýting agentliginiň beren reýtinglerine ýokary baha beren ilçi Klimow Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak barada ýüz tutmalarynyň hem möhümdigini belledi. Ilçi Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy babatda ähli goldawlary bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryň ösdürilmegine Türkmen-amerikan işewürler geňeşine hem uly orun degişli bolup durýar. Bu geňeş amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistana saparlaryny gurnap, söwda gatnaşyklaryň ilerledilmegine ýardam edýär.

Ýene-de birnäçe aýdan amerikan kompaniýalaryndan ybarat toparyň Türkmenistana saparyny gurnamagy göz öňünde tutulýar.

MEDENI-YNSANPERWER…

Türkmenistan bilen medeni-ynsanperwer ugurlarda hem hyzmatdaşlyk edilýändigini bellän Klimow Türkmenistanda medeni mirasyň dikeldilmegi babatda 20 ýylyň dowamynda 30 taslama boýunça hyzmatdaşlyk edilendigini belledi. Şeýle hem bilim we alyş-çalyş maksatnamalary boýunça hem hyzmatdaşlygyň ösdürilip, dürli maksatnamalar boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edilýändigini belledi. Hususan-da, “FLEKS”, “Fulbraýt”, “UGRAD” ýaly alyş-çalyş maksatnamalary ösdürilýär.

EKOLOGIÝA…

Türkmenistan bilen howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny bellän ilçi Türkmenistan bilen alternatiw energiýa çeşmelerinden peýdalanmak ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardyklaryny belledi.

Ilçi Klimow Türkmenistanyň Gün we ýel energiýasyna baýdygyny belledi.

GELJEGE NAZAR: INDIKI 30 ÝYL

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Metýu Stiwen Klimow Türkmenistanda kabul edilen 30 ýyllyk maksatnamany goldaýandyklaryny belläp, geljek 30 ýylda has netijeli gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdi.

Ilçi söwdany artdyrmak, zenanlaryň ykdysady mümkinçilikleriniň ýokarlandyrmak, täze tilsimatlary ornaşdyrmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, metan zyňyndylaryny azaltmak, sebitara gatnaşyklary ösdürmek, telekeçiligi goldamak, Türkmenistanyň baý medeni mirasyny dünýä ýaýbaňlandyrmak ýaly ugurlarda bilelikde hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ugurlar hökmünde kesgitlenendigini belledi.

TOPH TASLAMASYNY GOLDAÝARYS

ABŞ-nyň ilçisi Metýu Stiwen Klimow habarçylaryň sowallaryna jogap bermek bilen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan tebigy gaz geçirijisiniň taslamasyny hemişe goldandyklaryny belledi. Ol bu taslamanyň möhüm ähmiýete eýedigini belläp, Pakistanyň we Hindistanyň tebigy gaza bolan isleginiň ýokarydygyny aýtdy.

Ol Türkmenistanyň baý energiýa çeşmelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazaryna çykarmagyny goldaýandyklaryny belläp, günbatar ugra ýagny Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna iberilmeginiň hem ähmiýete eýedigini belledi.

Ilçi TOPH tebigy gaz taslamasynyň ägirt uly mümkinçiliginiň bardygyny belledi.

 

 

Odre Azule Türkmenistanyň Prezidentini Pariže çagyrdy

Ýene-de okaň

1-10-njy ýanwar aralygynda Söwda-senagat edarasynda Täze ýyl dabaralary guralar

Eýranyň medeniyet geňeşçisi Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlady

BMG: Afrika XXI asyryň ortalaryna iň ýaş yklym bolar

Saud Arabystanynyň Owganystandaky ilçihanasy işläp başlady

Aşgabatda Eýranyň Ýalda baýramçylygy bellendi

Özbegistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi