JEMGYÝET

Täze Oýun : Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri

Innowasion tehnologiýalaryň we multimediýa programmalaryň ylymda we bilimde ulanylyşy. 2017-nji ýylyň fewral aýynyň 17-i güni Ruhuýet köşgünde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi taýdan işe girmek dabarasynda eden çykyşynda “Häzirki wagtda ylmy-bilimi ösdürmezden, çylşyrymly tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamazdan, dünýäniň okgunly ösüşine goşulmak, döwür bilen aýakdaş gitmek asla mümkin däl.”  diýen sözler bilen ýüzlendi.

 Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz gün-günden ösýär, özgerýär, bilim ulgamynda ýokary ösüşler gazanylýar. Şeýle ösüşi ýurduň ylym-bilim mümkinçilikleri ýokary bolanda gazanmak mümkindir. Diýarymyzyň kuwwatly döwlete öwrülmeginiň esasyny ylym-bilim özgertmeleri eýeleýär. Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim bermekde innowasion tehnologiýalary we multimediýa programmalary ulanmaga giň mümkinçilikler döredildi.

Bu mümkinçilikler barada giňden belläp geçenimizde, olar ylym-bilim bermegiň täze – interaktiw usullaryny ulanmak bilen hem-de ýaşlar ylmy işlerini ýerine ýetirmek üçin häzirki zaman barlaghana enjamlarynyň ýüze çykan ýagdaýynda 2014-nji ýylyň iýun aýynyň 12-si güni açylan, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky Tehnologiýalar merkeziniň, ylmy-barlag institutlarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilmekleri aýratyn bellemek zerur. Onuň ulanmaga berilmegi şanly senä -Ylymlar gününe gabat geldi. Mundan başga-da, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanynda Ýaş alymlar geňeşiniň döredilmegi ylmy işleri döretmäge we täze açyşlary etmäge uly itergi bolup durýar.

Ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde täze tehnologiýalary ulanyp, ýagny interaktiw usullaryny sapakda ulanmaga uly kömek berjek programmalary döretmäge mümkinçilikler döredilen. Muňa 2014-nji ýylda işe başlan, Hormatly Arkadagymyzyň hut öz eli bilen açyp beren Halkara Ynsanperwer ylymlary we Ösüş uniwersiteti mysal bolup biler. Bu ýokary okuw mekdebinde ykdysadyýet, hukuk, kompýuter tehnologiýalary we ynsanperwer ylymlary ugurlary boýunça köpugurly hünärmenler taýýarlanylýar. Bu bilim ojagynda bilim alýan talyplar, okuwlaryndan boş wagtlary uniwersitetiň kitaphanasynda yzygiderli öz bilimlerini artdyrýarlar.  Ondan başga-da, uniwersitetde açylan birnäçe klublar, ýagny Ýaş Diplomatlaryň, Hukukçylaryň, InŽenerleriň , Işewürlik (Business), Suratçylaryň we Wäşileriň klublaryň meýilnamalaryna görä gurnalýan çärelere işjeň gatnaşýarlar. Bu döredijilik toparlarynyň işjeňliginde talyplar öz gyzyklanmalaryna görä ylmy işleri ýerine ýetirýärler. 

Muňa mysal edip, Kompýuter ulgamynyň programma üpjünçüligi hünäriniň ähli talyplary InŽenerleriň klubynyň agzalary bolup durýarlar. Olar döwrebap tehnologiýalardan we programmalardan peýdalanyp, interaktiw sapaklarda ulanyljak Ata Watanymyzyň geçmişine söýgi we buýsanç dörediji “Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri” atly oýnuny döretdiler. Oýun ylym-bilim bermek esasynda sorag-jogap görnüşinde düzülen. Talyplaryň ýerine ýetiren ylmy işiniň  Türkmenistanyň taryhy dersinde Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerini giňden hem-de multimediýa arkaly interaktiw görnüşinde öwretmekde we öwrenmekde örän ähmiýeti uly.

Medeni ýadygärliklerimizi öwrediji oýny döredilende ýöriteleşdirilen kompýuter grafikalaryndan peýdalanyldy. Medeni-taryhy ýadygärliklerimizi öwrediji oýun üç tapgyrdan ybarat bolup, oýnuň birinji tapgyrynda oýunçy soragda soralan taryhy ýadygärligiň haýsydygyny suratlary boýunça bellemeli, ikinji tapgyrynda bolsa, gadymy arhitektura gözellikleriniň suraty boýunça olaryň atlaryny bilmeli. Bilim artdyryjy oýnunyň ahyrky, ýagny üçünji tapgyrynda oýunçy ýurdumyzyň kartasy boýunça etrapdyr, şäherleriň ýazgylarynyň üstüne basyp, soralýan taryhy-arheologik ýadygärligiň nirede ýerleşýändigini görkezmeli. Oýunçynyň pikirlenişini ösdürmek üçin jemi ýüze golaý tapgyrlaýyn soraglar bolup,  onuň ýene bir aýratynlygy bolsa, birnäçe soraglardan soňra her tapgyrda oýunça sowgat hökmünde gadymy türkmen ýadygärlikleri hakynda maglumat okap hem-de olaryň suratlaryny görmäge mümkinçilikler döredilen.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň her bir künjegi gadymy arheologiki ýadygärlikler bilen baý. Olaryň hemmesi biziň üçin örän ähmiýetli. Öwrediji oýun arkaly iň köp bilinýän medeni ýadygärlikler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň daşky künjeklerinde bar bolan taryhy-arheologik ýadygärlikleri hem halka ýetirýär. Oýuny oýnaýan her dürli adamyň ýaşyna we kärine garamazdan kän peýdaly maglumatlar almagyna getirýär, öňki bilýän maglumatlarynyň bolsa berkemegini gazanýar. Olaryň ýurdumyzyň daşky künjegine syýahat etmek höwesi has artýar. Medeni merkezlerimizi öwrediji oýnunda Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerine tehnologiýanyň üsti bilen syýahat etmäge bize ýardam berýär. Oýuny oýnan her dürli ýaşdaky adam meşhur arheologiki ýadygärlikleriň görnüşini we ýerleşýän ýerini anyk öwrenip bilýär.  Pikirlenmek ukuby ösdürýän oýun türkmen dilinde bolup, eger oýunçylarda uly gyzyklanma bilen garşy alynsa iňlis dilinde hem taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Onuň iňlis dilinde taýýarlanmagy ýaşlaryň daşary ýurt dillerini düýpli özleşdirmegine we Türkmenistanyň arhitektura gözellikleri bilen tanyşmak isleýän daşary ýurt syýahatçylar üçin elektron gollanma bolup biler.

“Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri” atly elektron oýny 2017-nji ýylda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda geljek myhmanlary ýurdumyzyň baý taryhy we geçmişi bilen tanyşdyrmak babatynda uly ähmiýete eýe bolar. Şunuň bilen baglylykda, halkara dil hasaplanylýan iňlis dilinde oýna degişli elektron kitapçanyň hem-de oýnuň iňlis dilindäki görnüşiniň ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny has hem ýokary götermäge, medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de işjeň ösdürmäge we ýaşlaryň arasynda medeni mirasymyza, Watanymyza bolan söýgini döretmäge itergi berer.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda eziz Watanymyz agzybirligiň, asudalygyň, bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde dünýä ýüzünde abraý-şöhrata eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň umumyadamzat abadançylygyň, asudalygynyň hatyrasyna öňe sürýän başlangyçlary, üstünlikli durmuşa geçirýän ynsanperwer maksatnamalary mundan beýläk hem rowaç alsyn.

Edebiýatlar:

  1. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi taýdan işe girmek dabarasynda eden çykyşy “Türkmenistan” gazeti, 18.02.2017ý. 2 sah.
  2.  Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda düzgünnama, “Nesil” gazeti,  26.01.2017ý. 3 sah.
  3. Türkmen Döwlet habarlar gullugy, www.turkmenistan.gov.tm, 12.07.2014ý. Resmi habarlar bölümi.
  4. â„– 157-158 (27647) “Türkmenistan” gazeti, 13.06.2014ý. 1 sah.

 

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň
Kompýuter ulgamynyň programma üpjünçüligi
hünäriniň 2-nji ýyl talyby
Abdullaýewa Jahan

BELLIK

Ýaş alymlaryň arasynda yglan edilen ylmy bäsleşige gatnaşyjynyň çykyşy

Ýene-de okaň

Türkmenistan Eýrana täze ilçi belledi

“Ýewraziýa” kino festiwaly başlady: türkmen kinosy görkeziler

Türkmenistanyň tebigy gazyny Ýewropa ibermegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär