Häzirki döwürde Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary okuw mekdeplerinde ylmy ösdürmek we ony ösen döwletleriň derejesine çykarmak üçin uly göwrümli işler alnyp barylýar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda ýurduň Prezidentligine saýlanany bäri, döwletiň giňden berýän goldawynyň çäginde “Bilim hakyndaky Kanun” kabul edildi.
Türkmenistanda bilim ýurduň innowasion ösüş strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginde esasy ugur hökmünde kabul edilýär. Soňky 10 ýylyň dowamynda ýurduň milli bähbitleri we ruhy ýörelgeleri nazara alnyp, Türkmenistanyň bilim ulgamynda ösen we innowasion dünýä tejribeleri ornaşdyryldy. Hökümet başlangyç mekdeplerde kompýuter we dil ugurlaryndan sapaklaryň ýola goýulmagyna, orta mekdeplerde döwrebap interaktiw metodikanyň ornaşdyrylmagyna, şeýle hem halkara bilim maksatnamalaryna gatnaşmaga aýratyn üns berip gelýär.
Çagalar baglarynyň, başlangyç mekdepleriň, orta mekdepleriň we ýokary okuw jaýlarynyň täze binalarynyň gurluşyklary ýurduň dürli künjeklerinde ýokary depginler bilen dowam edýär. Okadyş tilsimleriniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurduň bilim ulgamynda döwrebap maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary ornaşdyryldy. Mekdepler we uniwersitetler döwrebap kompýuter we multimedia abzallary bilen enjamlaşdyryldy.
Häzirki wagtda Türkmenistanda 1852 sany orta mekdep, 1053 sany çagalar bagy, 24 ýokary ýokary okuw mekdebi, 128 sany başlangyç bilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepler, 42 sany tehnikum hem-de ýörite orta mekdepler bar. Olaryň sany her ýyl yzygiderli ýagdaýda artdyrylar. Munuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň ýanynda 10 sany ylmy-barlag institutlary hereket edýär. Olarda fizika we matematika, himiýa, geologiýa, tehniki ylymlar, medisina, biologiýa, oba hojalygy we ynsanperwerlik ylymlary boýunça möhüm ähmiýetli ylmy-barlaglar geçirilýär. Bu Akademiýa ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle-de aýry-aýry ministrlikleriň we edaralaryň ylmy-barlag institutlary tarapyndan geçirilýän işleriň utgaşdyryjy merkezi bolup hyzmat edýär.
“Bilim üçin serhet ýok” diýen ýörelgeden ugur alyp, Türkmenistan BMG-niň Ylym, Bilim we Medeniýet boýunça guramasy UNESCO, şeýle-de Aziýada, Ýewropada we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýerleşýän abraýly ylym we bilim merkezleri bilen hem hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistan tejribeli hünärmenleriň türgenleşdirilmegi boýunça bilelikdäki taslamalary uly üstünlikler bilen durmuşa geçirýär. Soňky 10 ýylyň dowamynda müňlerçe türkmen talyplary Russiýanyň, Belarusyň, Hytaýyň, Malaýziýanyň, Rumyniýanyň we Türkiýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerini tamamladylar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli ýagdaýda nygtap geçişi ýaly, bilim Türkmenistandaky sazlaşykly ösüşiň baş binýadydyr. Şoňa görä-de, ýurduň bilim pudagynda alnyp barylýan reformalaryň baş maksady ýokary ahlak gymmatlyklaryna we döwrebap tehnologiýalar boýunça ýokary bilime eýe bolan täze nesliň kemala getirilmegidir. Olaryň türgenleşdirilmegi we bilim almagy döwrebap Türkmenistanyň mundan hem beýläk pajarlap ösmegi üçin aýgytly faktordyr.
Çeşme : Atawatan Türkmenistan Habar Agentligi (ATHA)