SPORT

Hytaý taryhynda ikinji gezek agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eder

27-nji oktýabrda Hytaýyň Ninbo şäherinde agyr atletika boýunça dünýä çempionaty badalga alar. Hytaý dünýäniň iň güýçli agyr atletikaçylaryny taryhynda ikinji gezek kabul eder. Mundan ozal, 1995-nji ýylda bu abraýly ýaryş Guançžou şäherinde geçirilipdi.

Dünýä çempionaty 27-nji oktýabrdan 8-nji noýabr aralygynda dowam eder. Bu ýaryş 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin ilkinji saýlama ýaryşy bolar. Çempionatyň çäklerinde jemi 16 agram derejesinde — erkekleriň we zenanlaryň arasynda sekiz agram derejesiniň hersinde medallar ugrunda bäsleşiler.

Russiýanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek ýaryşda 2019-njy ýyldan bäri ilkinji gezek öz döwlet baýdagynyň astynda çykyş eder. 2021-nji ýylda Daşkentde geçirilen dünýä çempionatynda Russiýanyň türgenleri milli federasiýanyň baýdagynyň astynda, 2025-nji ýylda Norwegiýada geçirilen ýaryşda bolsa bitarap derejede çykyş edipdiler.

Möwsümiň esasy ýaryşynda Russiýa 16 türgen bilen wekilçilik eder.

Erkekleriň arasynda milli ýygyndynyň düzümine Albert Şarkow (65 kilograma çenli), Sergeý Petrow we Zulfat Garaýew (ikisi hem 75 kilograma çenli), Geworg Serobýan (85 kilograma çenli), Ilýa Iudin we Ramzan Janhotow (ikisi hem 95 kilograma çenli), Sarmat Tebloýew (110 kilograma çenli), şeýle hem Daniil Wagaýsew (110 kilogramdan ýokary) girizildi.

Zenanlaryň arasynda bolsa Ýelizaweta Žatkina (49 kilograma çenli), Kristina Nowiskaýa (53 kilograma çenli), Natalýa Ilýina (57 kilograma çenli), Olga Týo (61 kilograma çenli), Zarina Gusalowa (69 kilograma çenli), Warwara Kuzminowa we Anastasiýa Romanowa (ikisi hem 77 kilograma çenli), şeýle hem Mariýa Gruzdowa (86 kilograma çenli) çykyş eder.

Ýaryşyň başlanmagyna az wagt galanda, başda medal ugrunda göreşmäge esasy dalaşgärleriň hatarynda görkezilen Ýana Sotiýewa (86 kilograma çenli) we Has-Magomed Balaýew (110 kilograma çenli) saglyk ýagdaýlary sebäpli çempionata gatnaşmakdan ýüz öwürmäge mejbur boldular.

Ýaryşyň başlanmagyna iki gün galanda, Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) Ýerine ýetiriji komiteti 2030-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatyny guramak hukugyny Russiýa bermek barada karar kabul etdi.

Dünýäniň iň güýçli agyr atletikaçylary soňky gezek 1983-nji ýylda Moskwada geçirilen dünýä çempionatyna gatnaşypdylar.

Related posts

Muhammet Alyny ýeňipdi

Maradonanyň doglan öýi ýadygärlige öwrüler

“Bawariýa” topary özbek futbolçy bilen gyzyklanýar