SPORT

«Tottenhemiň» kapitany Kristian Romero «Atletiko» geçdi

Ispaniýanyň «Atletiko» kluby Angliýanyň «Tottenhem» toparynyň kapitany, Argentinanyň milli ýygyndysynyň tejribeli goragçysy Kristian Romerony transfer edendigini mälim etdi.

Romero «Tottenhem» toparynda geçiren bäş möwsüminde 156 duşuşyga gatnaşdy, şolaryň 32-si geçen möwsüme gabat gelýär. Kristian 2024/25 möwsüminde Ýewropa ligasynda ýeňiji bolup, «Tottenhemiň» 17 ýyllyk kuboksyz döwrüni tamamlamagyna ýardam etdi.

Bir ýyl ozal Romero «Tottenhem» bilen 2029-njy ýyla çenli täze şertnama baglaşyp, toparyň kapitany bolupdy. Emma indi Argentinanyň milli ýygyndysynyň 28 ýaşly goragçysy Demirgazyk Londondan gidýär.

Romero «Atletiko» bilen 2031-nji ýylyň iýun aýyna çenli şertnama baglaşdy. Transferiň bahasy 34,2 million funt sterling boldy. Mundan başga-da, «Tottenhem» futbolçy geljekde «Atletiko» tarapyndan başga kluba satylan halatynda, transfer töleginiň 15 göterimini alar.

Şu tomus Romero bilen «Arsenal» we «Inter» hem gyzyklanypdy. Ýöne Kristian ildeşi Diego Simeoneniň ýolbaşçylygyndaky «Atletikony» saýlady.

Related posts

Messi iň köp kubok gazanan futbolçy boldy

Çempionlar ligasynyň duşuşyklary başlaýar

Messi Ronaldodan öňe saýlandy