Niderlandly Mark wan Bommel Belgiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellendi. Bu barada Belgiýanyň Patyşalyk futbol assosiasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Wan Bommel öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmäge 15-nji awgustdan başlar, ol bilen baglaşylan şertnama 2028-nji ýylyň Ýewropa çempionatynyň soňuna çenli niýetlenendir. 20-nji iýulda federasiýa 2025-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri belgiýalylara ýolbaşçylyk eden fransuz Rudi Garsiýanyň baş tälimçi wezipesinden gidendigini yglan etdi.
Wan Bommel 49 ýaşynda. Onuň iň soňky işlän ýeri 2022-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli ýolbaşçylyk eden Belgiýanyň “Antwerpen” topary boldy. Onuň ýolbaşçylygynda topar 2023-nji ýylda Belgiýanyň çempionatyny, Kubogyny we Superkubogyny gazandy. Şol ýylda niderlandly Belgiýanyň çempionatynda möwsümiň iň gowy tälimçisi diýlip ykrar edildi.
Tälimçilik karýerasynyň dowamynda wan Bommel Germaniýanyň “Wolfsburg” we Niderlandlaryň “PSW” toparlaryna hem ýolbaşçylyk etdi, Awstraliýanyň, Saud Arabystanynyň we Niderlandlaryň dürli ýaşdaky milli ýygyndylarynyň tälimçiler ştabynda işledi.
Futbolçy hökmünde ol “PSW”-niň düzüminde dört gezek Niderlandlaryň çempiony boldy, “Barselona” bilen bir gezek Ispaniýanyň çempionatyny we Çempionlar ligasyny, “Bawariýa” bilen iki gezek Germaniýanyň çempionatyny we “Milan” bilen bir gezek Italiýanyň çempionatynda çempion bolmagy başardy. Niderlandlaryň milli ýygyndysynyň düzüminde wan Bommel 2010-njy ýylyň dünýä çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi boldy.
