SPORT

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Hytaýyň Sanýa şäherinde VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi. Bu köp görnüşli sport çäresi Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen iň soňky oýunlardan on ýyl soňra Aziýa Olimpiýa geňeşiniň senenamasyna gaýdyp geldi.

Açylyş dabarasy «Tianya Haijiao» toplumynyň kenarýaka zolagynda guraldy. Açylyş dabarasynyň konsepsiýasy durmuş energiýasy, açyklyk, deňiz bilen asmanyň duşuşygy ýaly temalaryň töwereginde guruldy. Guramaçylar wizual we sahna çözgütleri arkaly Haýnan adasynyň baý tebigatly sebit hökmündäki keşbini görkezip, Aziýa ýurtlarynyň sport arkaly agzybirligi pugtalandyrmak başlangyjyny goldadylar.

Dürli öwüşginlere beslenen dabara 2026-njy ýylyň Aziýa kenarýaka oýunlarynyň alawynyň ýakylmagy bilen tamamlandy.

Ýatladyp geçsek, Aziýanyň kenarýaka oýunlary 22-nji aprelden 30-njy aprel aralygynda dowam eder. Oňa takmynan 1790 türgen gatnaşar. Ýaryşlar Sanýa aýlagynyň boýundaky sekiz sany klaster zolagynda, şol bir atly derýada we şäheriň sport merkezinde geçiriler.

Esasy üns bar bolan desgalary ulanmaga we dörebaplaşdyrmaga gönükdirildi. Hytaý bu oýunlary taryhynda ikinji gezek kabul edýär. Mundan ozal bu çäre 2012-nji ýylda Haýýan şäherinde geçirilipdi.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň nobatdaky rekordy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyna çykan 19 ýygyndy belli boldy