2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag infrastrukturasyna degişli birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygyny tamamlap, ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.
Ileri tutulýan taslamalaryň hatarynda:
- Arkadag şäherinde täze demir ýol menzili we awtomenzil, şeýle hem deňiz we ammarlyk hojalygyna degişli desgalar bar.
- Deňiz ulaglary ulgamynda iki sany ýük gämisiniň we bir sany deňziň düýbüni çuňaldyjy gäminiň ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär.
- “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy” Turgundy demir ýol menziliniň “gury portunda” häzirki zaman ammarlyk toplumynyň gurluşygyny, şeýle hem deňiz flotunyň “Ro-Ro” görnüşli täze gämi bilen üstüniň ýetirilmegini öz içine alýar.
Şeýle hem şu ýylda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary –Türkmenabat bölegi açylyp ulanmaga berler.
