DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Russiýa migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň we Russiýa Federasiýasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa meseleleri boýunça Baş müdirliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berilýär.

Taraplar migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem iki döwletiň däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň ösüşinde halkara guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklarynyň orny barada nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, alnyp barylýan işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.

Ýene-de okaň

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi