Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň rumyn diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa “Atawatan Media” topary hem gatnaşdy.
Tanyşdyrylyş çäräsine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurdumyzdaky daşary ýurtly ilçiler, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Dabarada çykyş eden Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň rumyn diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşýandyklaryny belläp, bu neşiriň çapdan çykmagyna türkmen alymlarynyň hem ýakyndan ýardam berendigini belledi.
Şeýle hem ol Rumyniýanyň Babeş Bolýai uniwersitetiniň Türkologiýa instituty tarapyndan terjime edilen neşire şahyryň 100-den gowrak goşgusynyň girizilendigini belläp geçdi.

Täze neşiriň kömegi bilen rumyn okyjylar Magtymgulynyň döredijiligi bilen öz ene dilinde tanşyp bilerler, munuň özi XVIII asyryň görnükli şahyrynyň şygryýetine has gowy düşünmäge we baha bermäge mümkinçilik berer.
Täze neşiriň çapdan çykmagy bu dostlukly ýurduň edebi durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi. “Magtymguly Pyragynyň diwany” atly goşgular ýygyndysynyň Rumyniýanyň ähli şygryýeti we medeniýeti söýüjileriniň kitaphanasynda öz mynasyp ornuny aljakdygy şübhesizdir.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halky bilen dünýä jemgyýetçiligi 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden belläp geçdi.
Şol ýyl beýik akyldar nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Watanymyzda we daşary ýurtlarda şahyryň köp sanly eseriniň daşary ýurt dillerindäki ýygyndylary neşir edilipdi.
