JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen sylaglandy

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň iň ýokary döwlet sylagy – “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliy Darajali Do‘stlik” ) ordeni bilen sylaglandy.

Ýokary derejeli sylagy gowşuryp, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bu çözgüdiň Özbegistan halkynyň Türkmenistanyň Prezidentine bolan çuňňur hormatynyň, iki doganlyk ýurduň arasyndaky dostlugy, özara ynamy we strategik hyzmatdaşlygy berkitmekde onuň bitiren hyzmatlarynyň ykrar edilýändiginiň nyşanydygyny belledi.

– Siz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýoluny mynasyp dowam edýärsiňiz. Ýurtda halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär – diýip, özbek Lideri nygtady.

Şu ýyl Türkmenistanda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de ýurduň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, möhüm çäreler geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň köpugurly özbek-türkmen gatnaşyklarynyň giňeldilmegine goşan goşandy kanagatlanma bilen bellenildi. Ilki bilen bu – söwda-ykdysady we kooperasiýa gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi. Serhetýaka söwda zolagy ýaly ägirt uly taslama işe girizildi. Energetika, ulag we logistika ugurlarynda hem özara bähbitli hyzmatdaşlyk ösdürilýär.

Bu sylagyň berk dostlugyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň nyşany boljakdygy aýratyn bellenildi.

Öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidenti berlen ýokary baha üçin Özbegistanyň Liderine we halkyna minnetdarlyk bildirdi hem-de iki ýurduň strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidilmegine ygrarlydygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana döwlet sapary tamamlandy

Türkmenistan-Özbegistan: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri serhetýaka söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Özbegistan: haryt dolanyşygy 2 milliarda ýetiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistanyň Prezidentleriniň ikiçäk duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Garaşsyzlyk ýadygärligine gül goýdy

Ata Watan Eserleri