MEDENIÝET

Parahatçylygyň saýrak bilbili

Türkmen milli aýdym-saz sungatynda öçmejek yz galdyran ussatlar sanardan kän. Manyly ömrüni opera sungatymyzyň ösmegine bagyş eden Türkmenistanyň Halk artisti, türkmen sungatynyň professory Medeniýet Şahberdiýewa bilbil bolup saýran altyn owazy bilen  Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň milli medeniýetine egsilmez goşant goşan ägirtleriň biridir. “Dünýäniň saýrak bilbili”  Medeniýet Şahberdiýewa doganlyk halkalaryň dillerinde hem ençeme aýdymlary ussatlarça ýerine ýetirtip, agzybirligi, parahatçylygy şirin owazy bilen äleme ýaýdy.Medeniýet Şahberdiýewa 1930-njy ýylyň 23-nji fewralynda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde bahar buşlukçysy bilbil mysaly bolup dünýä inýär. Ol çagalyk ýyllaryndan jigisi Amandurdy bilen ýetim galyp, çagalar öýünde terbiýelenýär. Körpeje Medeniýet adaty bolmadyk üşükliligi, ajaýyp bilbil owazy bilen adamlary haýrana goýýar. Ýörite Aşgabatdan gelen topar körpeje Medeniýet bilen Amandurdyny paýtagta alyp gaýdýarlar. Kämil ýaşa ýetip Moskwanyň Çaýkowskiý adyndaky Konserwatoriýasynda ýekelikde aýdym aýtmak hünärini ele alýar.

Jigisi Amandurdy hem tebigy ýatkeşligi bolanlygy üçin Çaýkowskiý adyndaky Konserwatoriýasynda drižorlyk hünärini ele alýar. Wagtyň geçmegi bilen, Amandurdy nähoşlap aradan çykýar. Köpleriň Maýa ejesi, türkmen bilbili Medeniýet Şahberdiýewa durmuşda ýalňyz galýar. Emma ykbalyň ýowuz günlerine mertlerçe döz gelip, Watanymyz, halkymyz üçin ýadowsyz zähmet çekýär. Alla tarapyn zehin käni berlen Medeniýet Şahberdiýewa özüniň jadylaýjy sesi bilen türkmen medeniýetini, sungatyny XX asyryň 50-80-njy ýyllarynda yklymlara ýaýýar. Ol özüniň tebigy zehini bilen dürli hünärlerden baş çykaryp, ömrüniň 20 ýyldan gowragyny ylym-bilime sarp edýär.  Professor Medeniýet Şahberdiýewa tä ömrüniň ahyryna çenli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda zähmet çekdi.

***

Medeniýet Şahberdiýewa belent sesli şirin aýdymlary bilen diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda uly tagallalar eden ussat. “Dünýäniň saýrak bilbili” adyny alan halypa aýdymçy ajaýyp aýdymlary bilen ýaşlary Watançylyk ruhynda terbiýelemäge, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna mynasyp bolup ýetişmekleri ugrunda mynasyp işleri alyp bardy. Onuň kalbyndaky Watan söýgüsinden joşgun alýan ylhamy göwünlere ganat berýän owazy ýüreklere mähir, söýgi bagyşlaýar. Dertlere em bolýan melhem owazy uly dünýä bagyt mukamy bolup ýaýraýar. Sungat daragty bolup zemine kök uran ussat halypanyň altyn owazy ýer şarynda bagtyýarlyk nagmasy bolup ýaňlanýar.

Her bir sungat ussadynyň beýik terbiýeçi, Watan gymmatlyklaryny, ata-babalarymyzdan gelýän ahlak ýörelgeleri wagyz ediji şahsyýet bolýandygyny taryh aýan edip gelýär.  Ussat mugallym Medeniýet Şahberdiýewanyň döredijiligine ser salanyňda, onuň bu ugurda nusgalyk şahsyýetdigne  göz ýetirmek bolýar.  Şu ýerde beýik halypanyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren kompozitor Alýabýewiň “Soloweýini” (“Bilibil” aýdymy) hem-de kompozitor Nury Halmämmedowyň “Durnalar”, “Ak kepderi” ýaly onlarça aýdymy hakynda ýatlap geçmek isleýärin.

Medeniýet Şahberdiýewa “Soloweý” aýdymy bilen dünýä çykdy. Doganlyk halklaryň belent sesli sungat ussatlarynyň onlarçasy bu aýdymy ýerine ýetirdi, ýöne şol ussatlaryň arasynda Medeniýet Şahberdiýewanyň has-da ýokary derejede tapawutlanýandygyny aýratyn bellenilýär. Sungatyň ägirdi Medeniýet Şahberdiýewa heňiň içinden heň, owazyň içinden üýtgeşik köpleri  özüne bendi edýän owazlary alyp bilýärdi. Ussat halypamyzyň altyn owazyna dünýä aşykdy. Çünki Halypamyz Medeniýet Şahberdiýewa  bu aýdymy ýerine ýetirende ýaýlyp ýatan türkmen sährasy, Hak nazary siňen keremli topragymyzyň erem baglyklarynda saýrap oturan bilbil göz öňüňde  janlanýar. Aýdymçynyň Watan mukaddesligine bolan söýgüden doly kalbyndan joşup çykýan ses belentligi, türkmen ruhy bilen tebigat gözelliginiň waspyny ýetirýär. Bu ajaýyp aýdym ýaňlananda bolsa  goja dünýä mähir sallançagyna öwrülip, göýä özi  gürleýän dek, “Men bagtly, men bagtly” diýip mähir-muhabbet bilen  üwrelýärdi.

“Dünýäniň saýrak bilbili” ussat halypamyzyň “Durnalar” ,“Garlawaç”, “Gumry”, “Ak kepderi ”, ’’ikiatýok’’ ýaly onlarça  aýdymy hem şolar ýaly derejedäki akgynlydan kalplara joşgun berýän ajaýyp aýdymlaryň biridir. Ussat halypamyz bilbil owazynyň üsti bilen dostluk köprüsüni gurup  halypa diňleýjilerine ýurdumyzyň parahatçylygyň merkezidigini dünýä halklaryna giňden  wagyz edýär. Özi-de onuň ussatlygy haýsy ýurtda çykyş etse, bu aýdymlary doganlyk halkalryň dillerinde ýerine ýetirenligidir. Ony diňlän diňleýji hyýalynda  asudalygyň, dost-doganlygyň ülkesi bolan güneşli Türkmenistanymyza,  paýtagtymyzyň al-elwan güller bilen örtülen tämiz köçelerine seýran edip, gözelliklerini göz öňüne getirýär. Bu barada  Türkmenistanyň Gahrymany halypamyz Gözel Şagulyýewa bilen söhbetdeş bolanymyzda ol şeýle gürrüň berdi:

– Medeniýeti ýatlamagyň özi uly medeniýet. Türkmen sungatynyň professory, ussat halypa Medeniýet Şahberdiýewanyň sahabatly kalp derýasyndan joşup gaýdýan bilbil owazy ýer ýüzüne parahatlyk owazy bolup ýaýrady. Haçan-da ýer ýüzüniň halklary türkmen bilbiliniň altyn owazyny diňlänlerinde ör turyp dürli dillerde “Bilbil, bilbil, bilbil” diýip dostluk owazy bilen seslenip, halypa gül desselerini gowşurýardylar.

Medeniýet Şahberdiýewanyň guşlar hakyndaky aýdymlary saýrap aýdyşy dünýäniň men-men diýen ussat aýdymçylaryny hem özüne bendi etdi. Medeniýet Şahberdiýewanyň bilbil owzyna jadylanyp “Bakylyk” diýen ajaýyp goşgymy döretdim. Bu goşgy setirlerini okan adamlar Medeniýet halypanyň bilbil owazyny tebigat gözelliginden hem eşidip bilerler. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çapdan çykan “Göwün otyr aý içinde” atly kitabymda  hem “Bakylyk” diýen goşgymyň ýerleşdirilmegi bizi diýseň buýsandyrýar. Medeniýet Şahberdiýewanyň belent adamkärçiligine, pespälligine, sungatyň ussady bolup doglandygyna, altyn sesine dünýä aşykdy. Ol Magtymguly Pyragymyzyň goşgularyny dürli dillerde ussatlyk bilen ýerine ýetirip türkmen adyny dünýä ýaýdy. Medeniýet Şahberdiýewanyň ajaýyp aýdymlarynyň içinden parahatçylyk, agzybirlik, dost-doganlyk eriş-argaç bolup geçýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk ruhynda terbiýelemekde Medeniýet Şahberdiýewanyň ömri we döredijiligi nusgalykdy.

Hawa, Sungatyň  hak  ussady  Medeniýet  Şahberdiýewa  hakdan  içen  dünýä  nusgalyk  beýik  şahsyýetdir. Ol milletiň uryp duran ýüregidir. Ol öz ýaşan ömründe  halypa hökmünde şägirtlerine nädip  aýdym  aýtmaly, nädip  saz  eserlerini  döretmeli, nädip sesiňi goramaly,  hemmesini  bize  birin-birin  öwredip  giden ussatdyr. Ol     dtürkmen aýdym-saz sungatynda dünýäň  bilbili taryha  adyny ýazdy.  Uly dünýäniň men-men diýen özüne göwni ýetýän beýik aýdymçylary hem Medeniýet Şahberdiýewanyň deňine ýetip bilmediler.  Ol ussat bagşy, kompazitor, opera aýdymçysy, ussat mugallym, beýik terbiýeçi, gaýtalanmajak sungat eseridir. Onuň   aýdan aýdymlarydyr döreden saz eserleri ýer ýüzünde parahatlyk mukamy bolup ýaňlanýar.

Medeniýet halypanyň owazyna ähli ýaşdaky, ähli kärdäki adamlar muşdak. Ony    ýurdumyzyňň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmalogiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň esasy ylmy  işgäri, fizika matematika ylymlarynyň  Amandurdy Hojaýew şeýle ýatlaýar:

–   Medeniýet Şahberdiýewanyň adaty bolmadyk tebigy üşükliligini aýratyn bellemek isleýärin. Medeniýetiň Hakdan berlen  kemsiz sesi bar. Halypa Bilbilimiz 10-12  metr aralykdan roýalyň haýsy klawişasynyň basylandygyny, haýsy notadygyny eşidiş ukyby bilen takyk aýdyp bilýär.

Alymlaryň we ylmy işgärleriň iş tejribesinde ulanylýan TROMINA enjamy 100-200 metr ýeriň aşagyndaky ultra sesleri  ýazgy edýän enjamdyr. Ol enjamynyň kömegi bilen zeminiň gatlaklaryndan gelýän ultra sesleri GRILLA kompýuter programmasynyň kömegi bilen takmynan ýarym asyr töwerek geçen döwrüň ýagdaýyny öwrenip bolýar. Men bu ýerde Medeniýet Şahberdiýewanyň ykybyny şol enjamlar bilen deňäp,  TROMINA enjamy onuň beýnisi,  GRILLA kompýuter programmasy bolsa onuň ýüregi diýesim gelýär. Sebäbi  ol on ýedi ýaşly gyz mahaly 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabra geçilen gijesi takmynan 5-6 sagat öňünden tebigy duýujylyk eşidiş ukyby bilen zemin gatlaryndan gelýän güwwüldi sesleri eşidip bilipdir hem-de şol ykybyna eýerip, üç ýüzden gowyrak internatda terbiýelenýän çagalary halas edip bilipdir.

Medeniýet Şahberdiýewanyň ýene bir täsin tebigy aýratynlygy onuň belent owazly sesi, skripka saz guralynyň notasynyň diapazon olçegde, belent aktawasyndan hem belentliklere ýetirip bilenligidir.

Medeniýet Şahberdiýewanyň tebygy zehinine onuň 85-ýaşynda sungat äleminde aýdan aýdymynyň ýazgylary hem doly şaýatlyk edýär. Elbetde, halypanyň 85 ýaşynda ýerine ýetiren owazlary geljekki ýaşlara gymmatly hazyna, nusgalyk mekdepdir.

Biziň indiki söhbetdeşimiz Mary şäheriniň ýaşaýjysy Geldimyrat Simetow. Ol bize şeýle gürrüň berdi:

–  1983ýyllar aralygynda men iş sapary bilen Moskwa şäherine ugradyldym. Iş saparyndan ol ýerden gaýdyp gelýärkäm uçarda Türkmenistanyň halk artisti Sabyr Atayewa bilen bile gaýtmak miýesser etdi. Şonda halypamyz: “Biz toparymyz bilen  Germanýadan gelýärdik. Ine garaşylmadyk waka – meniň adyma Moskwadan ýörüte çakylygy gowşurdylar. Çakylykda türkmeniň saýrak bilbili Medeniýet Şahberdiýewanyň şanyna döredijilik agşamyna çagyrýarys diýip ýazylgydy. Toparymyz Aşgabada gaýtdy. Men galyp, döredijilik agşamyna gatnaşdym. Bu ýerde meni saýrak bilbilimiz “Käbäm, halypam diýip mähirli garşylady. Bu toýuň şagalaňy bütin töweregi gurşap aldy. Men häzirem onuň täsirden çykyp bilemok. Dünýä ýurtlaryndan belli ýyldyzlar Medeniýet Şahberdiýewanyň döredijilik agşamyna hormatly myhman bolup gatnaşdylar. Dünýä ýyldyzlarynyň gowşuran gujak-gujak gülleri ussadymyzy boýdan-başa  gül çemeni bilen örtdi. Al-elwan gülleriň içinnde çalaja garaja gözi görünýän Medeniyet “Soloweý” – “Bilbil” aýdymyna başlady. Toý zalynyň içini dym-dyrslyk. Göýä zala topar bolup bilbil guşlar girip, bag-bakjada saýraýan mysaly boldy. Daş-töweregime göz aýladym, dürli halklaryň sungat ussatlary begenjini, ruhy galkynyşyny söz bilen beýan eder ýaly däldi…”

Halypamyz Sabyr Ataýewa buýsançly, täsirli sözüni jemledi. Görüp otursak uçarymyz eýýäm paýtagtymyz Aşgabadyň Howa menzilinde dur. Halypamyz bilen mähirli sagbolloşyp, iş ýerime ýöneldim. Sabyr daýzanyň türkmen bilbili Medeniýet Şahberdiýewa hakyndaky aýdan mähirli sözleri häli-häzirem gulagymda ýaňlanyp dur…

Geldimyrat aga sözüniň dowamynda ussat kompazitor Nury Halmämmedowy hem ýatlady. Onuň paýtagtymyzy wasp edýän “Agabat” aýdymyny Medeniýet halypamyzyň ussatlarça ýerine ýetirişini, bu aýdymyň her bir diňleýjini  paýtagtymyza   gaýbana syýahata äkidýändigini beýan etdi.

“Türkmensenagat eksport-import” AGPJ-niň işgärler we ýörite işleri boýunça baş hünärmeni Gözel Orazowa bilen söhbetdeş bolanymyzda halypamyz barada şeýle gürrüň berdi:

– Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewanyň aýdymlary hiç bir ynsany biparh goýmaýar. Ol öz döwrinde tebigy zehini bilen dünýäniň Polşa, Kanada, Hindistan, Germaniýa, Fransiýa, Şwesiýa, Hytaý ýaly ýurtlarynda bolup, dürli dillerde, dürli ariýalary we halk aýdymlaryny aýdyp, türkmen opera sungatynyň ýyldyzy hökmünde özüni tanadan ussatdyr. Onuň şirin owazy bilen ýaňlanan “Aşgabat”, “Türkmen sährasy”, “Durnalar”, “Arzuwlar”,“Bagt guşy” ýaly aýdymlary watansöýüji ynsan bolandygyny aňladýar. Belent sesli halypanyň kalp gazanynda gaýnan aýdymdyr sazlary halkyň kalbynda ebedi ýaşaýar.

– Biz  heniz  ýaş gyz  mahallarymyz  gyzlar  bolup  pagta  meýdanynda  pagta  ýygýardyk – diýip, Murgap  etrabynyň  ýaşaýjysy Ogulsuraý  Amangeldiýewa gürrüňini dowam edýär: –  Şonda  men  Medeniýete  öýkünjek   bolýardym.  Obamyzyň    zenany  Mamur  ene maňa: “Gyzym, biziň  hemmämiz  üýşüp  saýranymyzda-da Medeniýet  Şahberdiýewa  bolup  bilmeris. Ol  bir  hakdan  berlen  türkmen  sährasynyň  saýrak  guşy ahyry. Onuň  sesi  bakylyk  çeşmesi  mysalydyr” diýipdi.

Kinorežissor Saparmuhammet Jallyýew bilen gürrüňdeş bolanymyzda ol     Moskwanyň Kinemotografiýa institutynda okan döwründe mugullymy, öňki Soýuzyň halk artisti, professor Ýuriý Nikolaýewiç Ozerowyň Maýa Şahberdiýewa “Geniý, bütin dünýäniň genisi” diýendigini buýsanç bilen ýatlaýar.

Soňra bolsa ol talyp ýyllarynda bolup geçen bir taryhy wakany ýatlaýar. Ýagny, ol taryh şeýle başlanýar: “Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dünýä belli kinostudiýasy   Golliwuddan Moskwa hat gelýär. Ol hatda: “Dünýäde seýrek duşýan, dünýäniň altyn gaznasy hasaplanýan Medeniýet Şahberdiýewanyň manyly ömür ýoly, onuň bilbil owazly altyn sesi tüýs, biziň kinolarymyzyň bezegi boljakdygyna berk ynanýarys”.

Günleriň bir güni Amerikadan gelen şol hata jogap hökmünde mugallymymyz maňa amerikaly kino ussatlarynyň meniň bilen Medeniýet Şahberdiýewa barada söhbet etmekçi bolýandygyny aýtdy. Olar meniň bilen mähirli gürleşip: “Siz türkmendigiňize buýsanyň, siziň dünýä belli ussat mugallym-professoryňyz, altyn sesli Bilbiliňiz bar. Eger mümkin bolsa, biz dünýäde deňi-taýy bolmadyk Şahberdiýewa barada kino düşürjek bolýarys” – diýip aýtdylar. Men bu habary eşidip diýseň begendim-de, bu ýagdaýy kakama aýtdym. Şonda kakam: “Medeniýet diýmek – göwher diýmek, Medeniýet diýmek – başymyzyň jygasy, ýurdumyzyň mertebesi” – diýmekdir” diýdi.

Hawa, Medeniýet Şahberdiýewaň belent ady dünýä belli sungat ussatlary Mossart, Şopen, Bethowen, Çaýkowskiý ýaly onlarça ägirtleriň hatarynda ýatlanyp, sungat ensiklopediýasyna altyn harplar bilen ýazylýar.

Aşgabat şäheriniň Bazar Amanow adyndaky Çagalar kitaphanasynyň halypa kitaphanaçysy Ogulnyýaz Gulmuhammedowanyň Medeniýet halypa hakynda aýdan ýatlamalaryny hem okyjylra ýetirmegi makul bildik:

– Nury Halmämmedow meniň agam. Agam her bir eden işini Medeniýet Şahberdiýewa bilen maslahatlaşyp ederdi, çünki agam ony özüniň ussat halypa mugallymy hasaplaýardy.

Ýadyma düşýär, Nury öz ýazan saz eserlerini Medeniýet Şahberdiýewa diňledip, soňra Moskwa ýazga alyp gidýärdi. Ol Nury agama öz ogly ýaly seredip, ýakyndan doganlyk kömegini berýärdi. Bir gün agam bilen Medeniýet halypa bir aýdymyň üstünde işläp otyrkalar olaryň ýanyna Türkmenistanyň halk artisti Alty Garlyýew gelip, mähir bilen saglyk-amanlyk soraşýar. Üç daragt birleşýär. Alty aga buýsanç bilen: “Nurym, doganym, men her bir kinoymy Medeniýet Şahberdiýewanyň bilbil owazyndan ruhlanyp surata düşürýärin” diýýär. Şonda Nury: “Hawa halypa, Medeniýet   biziň ylham çeşmämiz-ä” – diýip, uly hormat bilen Medeniýet Şahberdiýewanyň   altyn owazyna bagyşlap döreden “Durnalar” – diýen ajaýyp sazyny çalyp berýär.

Medeniýet halypa hakynda söhbedimize şahyr Aşyrmät Garlyýewiň beren gürrüňlerini hem goşmagy bakul bildik:

– Magtymguly Pyragynyň “Bilmezmiň” diýen goşgy stirlerindäki:

 Şirwan hanyň söwdasy, ne ajaýyp söwdadyr!

Gyldan bir ýan agdyrsa, kyýamat gün ryswadyr – diýen mukaddes sözlerini Bilbil halypamyzyň altyn owazynda, balet sungatynda barmaklarynyň ujy bilen ýerine ýetiren çykyşlarynda görýärin. Anuşirwan Soltanyň adyllygy, Hatamtaýyň sahylygy ýaly Medeniýet Şahberiýewa hem gyly adyllyk bilen des-deň, ikä bölüp, üstünden ýeke aýakda geçip, sungatda özüni dünýä tanadan beýik şahsyýetdir. Sungat örän inçe ýol, notalaryň kirşiniň üstünden sesi bilen göni  ýöräp bilýän ýeketäk ussat halypa Medeniýet Şahberdiýewadyr. Ol Arşdan türkmene berlen zöhre ýyldyzydyr. Medeniýet Şahberdiýewa  hakyky çyn zehin, ussat hökmünde  ýer ýüzüne nusgalyk sungat ýoly bilen ebedi galar.

Medeniýet Şahberdiýewa 2018-nji ýylda Hoja Ýusup Hemedany gonamçylygynda taryhy şahs Güljemal hanyň aramgähiniň golaýynda aram tapdy.

Hawa, ussat halypa, dünýäniň saýrak bilbili, sungatyň göwher gaşy Medeniýet Şahberdiýewanyň  umumadmzat sungatynyň ösmegi üçin goýan ýoly sungata ykbalyny baglan ýaşlar üçin beýik sungat mekdebidir.

                                                                  Seýitmuhammet SEÝITMUHAMMEDOW,

Murgap etrabynyň, Deňizhan şäherçe kitphanasynyň II-derejeli kitaphanaçysy,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýýragynyň eýesi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda awgust aýynda geçiriljek esasy çäreler

«Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry üstünlikli geçirildi

Italiýada Türkmenistanyň arheologik üstünlikleriniň sergisi geçiriler

2026-njy ýylda Medeniýet hepdeligi Balkan welaýatynda geçiriler

«Pa­ra­hat­lyk aý­dy­my» at­ly tä­ze film tomaşaçylara hödürlendi

«Balkan Trip TV» teleýaýlymy türkmen zergärleriniň ussatlygy barada gepleşik taýýarlaýar