DÜNÝÄ

Özbek Lideri Wengriýada we Sloweniýada saparda bolar

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 19-22-nji maý aralygynda Wengriýada we Sloweniýada resmi sapada bolar. Ol Budapeşt şäherinde Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen duşuşar.

Şeýle hem wenger kompaniýalary bilen duşuşyklar göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, özbek Lideri 21-nji maýda Budapeşt şäherinde geçiriljek Türki Döwletleriniň Guramasynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşar.

22-nji maýda özbek Lideri Sloweniýanyň Prezidenti Nataşa Pirs Musar bilen duşuşar. Bu duşuşykda hem iki ýurduň arasynda farmasewtika, senagat, azyk we dokma senagatyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylar.

Related posts

Hazar deňzi boýunça duşuşyk

Konor Makgregor prezidentlige dalaşgär bolmakçy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan “Merkezi Aziýa – Günorta Aziýa” işewürlik geňeşini döretmegi teklip etdi

Ata Watan Eserleri