Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ilatyň saglygyny goramak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösen döwletleriň derejesine çykarmak, ýokary lukmançylyk hyzmatlaryny kepillendirýän milli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
2021-nji ýylyň martynda rejelenen görnüşde kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň maksatlaryna hem-de wezipelerine laýyklykda, saglygy goramak işini häzirki döwrüň talaplaryna esaslanyp guramak wajyp bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde kämilleşdirilmegine uly itergi berýär.
Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de welaýat merkezlerinde öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglyk merkezleri, şypahanalar, ýöriteleşdirilen hassahanalar, derman senagaty kärhanalary, sport desgalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Ýurdumyzda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi, hili we elýeterliligi has-da ýokarlandyrylýar. Muny biz şu ýylyň 9-njy oktýabrynda paýtagtymyzda açylyp ulanmaga berlen 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, şeýle hem Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Buýan» agrosenagat toplumynyň glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanasynyň binalar toplumynyň, Mary şäherinde welaýatyň hem-de Mary şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binalarynyň mysalynda aýdyň göz ýetirýäris.
Giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmagyň barşynda ýurdumyzda saglyk ulgamyny ösdürmek babatynda kanunçylyk binýady hem barha pugtalandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir» diýlip kesgitlenen. Esasy Kanunda beýan edilen konstitusion kadalar beýleki kanunçylyk namalarynda has-da anyklaşdyrylýar. «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda», «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda», «Derman üpjünçiligi hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW-ýokanjynyň) ýaýramagyna garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi adamyň saglygynyň pugtalandyrylmagyna we keselleriň öňüniň alynmagyna, ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatynyň gurluşynyň, dolandyrylyşynyň, hiliniň hem-de ony guramagyň usullarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir.
Ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de sebitlerinde saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar raýatlarymyza hyzmat edýär. Halkymyzyň saglygyny berkitmek, keselleriň öňüni almak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, elýeterli, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün etmek babatda zerur şertler döredildi. Şol sanda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen bina bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda açylan saglygy goraýyş desgalarynyň ençemesi ilata hyzmat edýär.
«Sagdyn ene ― sagdyn çaga ― sagdyn geljek» atly Milli strategiýanyň we «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde ulgamlaýyn işler alnyp barylýar. Çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmek, ony gorap saklamak hem goldamak ugrunda döwlet derejesinde ulgamlaýyn pudagara işler dowam edýär.
Ähli ulgamlar bilen bir hatarda «Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021―2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyndan» ugur alyp, şypahana ulgamynda hem uly sepgitlere ýetildi. Hormatly Arkadagymyzyň «Türkmenistan melhemler mekany» kitabynda nygtaýşy ýaly, biziň ýurdumyz dürli tebigy melhemlere baý ýurt hasaplanýar. Şol tebigy melhemleriň çykýan ýerlerinde täze şypahanalar gurlup, bar bolan şypahanalaryň durky täzelenip, olar dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyryldy.
2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ösüp gelýän ýaş nesli durmuş taýdan goldamak, Howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr sahawat gaznasy döredildi. Bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine, Ahal welaýatynyň Bäherden etrap hassahanasyna, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine, Lebap welaýat köpugurly hassahanasyna, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap hassahanasyna, Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» öndürijisiniň «Dialog+» kysymly emeli böwrek enjamlary sowgat berildi.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň merkezde hereket edýän ugurlar boýunça kafedralarynyň ýerleşmegi professor-mugallymlaryň tiz wagtda näsaglara ýokary hilli maslahatlary bermegine, gysga wagtda ähli ugurlar boýunça maslahatlary geçirmäge, şeýle-de degişli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň işini kämilleşdirmäge, şeýlelikde, kärine kämil lukmanlary taýýarlamaga uly ýardam berýär.
Toýmyrat Hojageldiýew,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.