SIZDEN GELENLER

Saglyk – abadançylyk

Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn üns berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän toplumlaýyn strategiýasynyň netijesinde paýtagtymyzda, ýurdumyzyň sebitlerinde munuň üçin ähli şertler döredilýär.

Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamynyň ähli ugurlary bilen birlikde şypahana ulgamynda hem oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Şeýle özgertmeleriň netijesinde şypahanalaryň durky täzelenýär, olar dünýä ülňülerine laýyk getirilýär we ýokary derejede täzeçil lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar. «Şypahana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny şypahana işi babatda döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitleýär hem-de Türkmenistanda tebigy bejeriş serişdeleriniň we şypahanalaryň öwrenilmegi, peýdalanylmagy, ösdürilmegi, şeýle hem goralmagy çygryndaky gatnaşyklar düzgünleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň noýabryndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» häzirki wagtda giňden durmuşa ornaşdyrylýar. Maksatnamada şypahana işini ösdürmegiň maksatlary we wezipeleri, esasy ugurlary we ýerine ýetirilmeli işleri anyk kesgitlenendir. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, bejeriş mineral suwlary bolan çeşmeleriň ýanynda ozal gurlan şypahanalaryň durkunyň täzelenmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Arçman», «Ýylysuw», «Bagabat», Balkan welaýatyndaky «Mollagara» we «Awaza», Daşoguz welaýatyndaky «Daşoguz», Mary welaýatyndaky «Baýramaly», Lebap welaýatyndaky «Farap» hem-de Aşgabat şäherindäki «Berzeňňi» şypahanalary ynsan saglygyny berkitmekde möhüm orun eýeleýär.

Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun» diýip dürdäne setirlerinde beýan edişi ýaly, her bir adamyň başynyň täjine deňeýän saglygymyz hemişe goralmaly gymmatly baýlykdyr. Saglyk durmuşyň bitewüligini, jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýän beýik güýçdür. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiliginde sagdynlyk, ruhubelentlik, sagdyn durmuş ýörelgeleri ilkinji nobatda goýlupdyr.

Şahyr adam saglygynyň gymmaty, öz saglygyňy gorap saklamak, dürli kesellere getirip biljek zyýanly endiklerden daşda durmak barada pikir ýöredipdir. Iň esasy belläp geçmeli zat hem, şol pikirleriň häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň nukdaýnazaryna gabat gelýänligidir. Dana şahyrymyz durmuşyň hözirini görüp ýaşamak üçin sagdynlygy zerur hasaplapdyr. Ol:

— Saglygyň gadryny bilgil,
hasta bolmasdan burun,
Hastalyk şükrüni kylgyl,
täki ölmesden burun… —

diýip, saglygyň ynsan üçin nähili ähmiýetlidigini örän inçelik bilen aýdýar. Ýene-de şahyryň döredijiliginden çaganyň dünýä gelmegi, sagdyn ösüşi, bedeniniň berkligi, on iki synasynyň abat bolmagy bilen baglanyşykly örän gymmatly maglumatlary alyp bolýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň nobatdaky XVI jiltiniň neşir edilmegi halkymyza özboluşly sowgat boldy.

Kitabyň sahypalarynda ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri giňişleýin beýan edilýär. Bu eseriň ylmy taýdan aýratyn wajypdygy derman senagatynyň ösdürilmegine, lukmançylyk tejribesine gadymy ýörelgeleriň utgaşdyrylmagyna hem-de şypahana bejergilerinde oňyn täsir edýän derman serişdeleriniň öndürilmegine ýardam edýändigidir. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinmek bilen bir hatarda dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary baradaky maglumatlary hem özünde jemleýär.

Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler hem-de milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik kitabyň dünýäniň köp dillerine terjime edilmegi hem ýokary aýratynlyga eýedir. Ol ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýan hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Mahlasy, ynsan saglygyny ähli zatdan ileri görýän Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylygy ösdürmegiň pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirkizaman meýillerini özünde jemleýän nusgasyny döretdi.

 «Ilkinji nobatda, meniň ähli aladam halkym bolar» diýýän lukman Arkadagymyzyň başda durmagynda işlenilip taýýarlanylan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy düýpli özgerýär, ilatyň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde uly ösüşler gazanylýar, belent-belent sepgitlere ýetilýär. Diýarymyzda uludan bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, paýtagtymyzda, şeýle-de ýurdumyzyň Mary we Lebap welaýatlarynda açylyp ulanmaga berlen saglyk maksatly binalar hem bu aýdanlarymyza aýdyň mysaldyr. Gözel paýtagtymyzda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň dabara bilen açylmagy tutuş halkymyza egsilmez şatlyk paýlady. Täze lukmançylyk merkezleriniň açylyş dabaralaryna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bolsa, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýatdan çykmajak taryhy wakalara öwrüljek pursatlara aýratyn many berdi.

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen hakykat ýüzünde hasyl bolýar. Buýsanç bilen bellemeli zatlaryň iň esasysy-da, täze açylan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalar we ulular üçin niýetlenip, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde-de iri lukmançylyk merkezleriniň biridigidir. Döwrebap hem iňňän ähmiýetli täze lukmançylyk merkezleri barada hormatly Prezidentimiziň: «Uzak ýyllaryň dowamynda halkymyza hyzmat etjek döwrebap hassahanalaryň keselleri bejermekde, adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmakda sebitde esasy merkezlere öwrüljekdigine pugta ynanýaryn» diýip bellemegi-de ýöne ýerden däldir.

Behişt Ojarowa,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň

Fakultet terapiýasy kafedrasynyň assistenti.

Ýene-de okaň

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri