SIZDEN GELENLER

Horezimşalar döwletinde nika gatnaşyklarynda Türkan hatynyň orny

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwletimiziň halkara abraýynyň has-da artyp, mertebesiniň barha beýgelýän taryhy döwründe naýbaşy gymmatlyklary özünde jemleýän baý taryhymyz hem-de milli medeniýetimiz giňden wagyz edilýär.

Ata-babalarymyz dünýäniň dürli ýerlerine ýaýrap, uly-uly   döwletleri,   hanlyklary,   beglikleri,   atabeglikleri   döredip,   Aziýanyň, Ýewropanyň  we  Demirgazyk  Afrikanyň  dürli  ýerlerinde  döwlet  gurluşynda, medeniýetde,  ylymda  uly  işler  bitirip,  adamzat  taryhynda  öçmejek  yz galdyrypdyrlar.  Halkymyzyň  gadymy  geçmişiniň  anyk  delilnamalar  esasynda açylyp başlanmagy milli buýsanjymyzy artdyrdy, taryhymyza bolan garaýşymyzy  has -da belende göterdi.

Orta asyrlarda, has takygy X-XVI asyrlarda türkmenler tarapyndan döredilen Garahanly,  Beýik  oguz  türkmen,  Gaznaly,  Seljukly,  Köneürgenç  (Horezmşalar), Osmanly,   Memluk,   Akgoýunly,   Garagoýunly, Sefewi   türkmenleriniň döwletleriniň, Hindistandaky türkmen soltanlyklarynyň, beglikleriň, atabeglikleriň has  gülläp  ösen  wagtydyr.  Şol  döwrüň  beýik  soltanlary,  şalary,  hökümdarlary döwlet  gurluşynda  örän  wajyp  tejribe  toplapdyrlar.  Gündogarda  “Döwlet  gurjak bolsaň, türkmeni çagyr” diýen nakylyň dörändigi tötänden däldir.

Gadymy Horezm döwleti hakynda käbir maglumatlar  Eýrandaky  dag  gaýalaryndaky  ýazgylarda,  Zaratuştra  dininiň  esasy kitaby  bolan  Awestada,  pählewi  edebiýatynda,  grek-latyn,  we  Hytaý  ýazuw çeşmelerinde  duş  gelýär. Horezmiň baýlygyna Gazna şäheriniň soltany Mahmudyň  gözi  gidip  we  güýç  toplap,  1017-nji  ýylda  Ürgenji  basyp  alypdyr.

Şeýlelikde,  Mamunlaryň  dinastiýasy  Horezmde  uzak  wagtlap  hökümdarlyk etmeýär. 1017-nji ýylda Horezmi Mahmyt Gaznaly basyp alýar. Şeýdip Ürgenç ilki Gaznewilere, soň bolsa olary taryh meýdanyndan gysyp çykaran  Seljuklylara  tabynlykda  bolupdyr.

Mongollar çozmazdan sähel öň arap alymy Ýakut Ürgenje gelip görüpdir. «Men  ony  1219-njy  ýylda  tatarlar  (ýagny  mongollar)  almazdan  öň  görüpdim. Mundan baý we gowy şäheri öň görenim ýadyma düşenok. Ony tatarlar ýykandan soň  bu  sözlerimiň  ýalan  ýaly  ýaňlanmagy  mümkin,  sebäbi  meniň  soň  soňlar eşidişime görä, şäherden nam nyşan galmandyr. Şäherde ýaşan adamlaryň barysy öldürilipdir… Baýlykda,  ulylykda,  ilatyň  köplüginde  we  mylakatlylygynda Horezmiň baş şäheri ýaly şäher älemde ýokmuka diýýärin» diýip, Ýakut ýazýar.

Özüniň örän zähmetsöýerligi bilen tanalýan Ürgenç ilaty mongollaryň eden weýrançylygyny ýüz ýyl geçip-geçmänkä düzeldipdir. Altyn Ordanyň tabynlygyna düşende bolsa, häkim Kutlug Temiriň we onuň aýaly Törebeg hanymyň döwründe şäherde birnäçe kaşaň ymaratlar peýda bolýar.

Horezm döwleti halkara söwdasynyň iň uly merkezleriniň birine öwrülipdir. Gündogar Ýewropanyň, Orta Aziýanyň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň söwda  bähbitleri  bu  döwlet  bilen  ysnyşykly  gatnaşyk  etmek  bilen  bagly bolupdyr.  Uly  baýlyklaryň  toplanmagyna  getiren  giň  söwda  ülkäniň  şäherleriniň ulalmagyna,  obalaryň  giňelmegine,  senetçiligiň  we  sungatyň  ösmegine,  feodal ahlagyň  pugtalanmagyna  getiripdir.  Ürgenjiň  bazarlary  Gündogar  Ýewropa  bilen Gündogar Aziýada öndürülen harytlardan doldurylypdyr.

Çingiz  hanyň  çozmagyndan  öň  we  şondan  soň  ýaňadan  täzeden  döreýiş ýyllarynda Köneürgençde Biruny, Abu Aly ibn Sina, az-Zamahşary ýaly eýýäm şo zamanlarda  ylmyň  iňňän  köp  ugurlary  boýunça  dünýä  tanalan  meşhur şahsyýetleriň-de  ýaşandyklaryny  aýtmak gerek. Köneürgenç  Mamun  ibn  Muhammediň  döwründe  Horezm  şalygynyň paýtagty  diýlip  yglan  edilýär.  Onuň  we  onuň  ogullary  Aly  ibn  Mamunyň  we Mamun  ibn  Mamunyň  (Mamun  II)  döwürlerinde  bu  ýerde  ylym,  edebiýat, sopuçylyk  hakyky  ösüş  ýoluna  düşýär.  Muhammet  ibn  Tekeşiň  (1200-1220), Gutluk Timuryň we onuň aýaly Törebeg hanymyň (XII asyr), Soltan Alynyň (XIV) hökümdarlyk  eden  ýyllarynda  hem  şunuň  ýaly  ösüşleriň  bolandygy  taryhy çeşmelerde nygtalyp bellenilýär.

Horezmşa döwletinde Türkan hatynyň orny uly bolupdyr. Bu Tekeşiň aýaly gypjaklardan (başga bir maglumata görä ýazyrlardan} bolan Türkan Hatyndyr. Atamälik Juweýni ony türkmenleriň kaňly taýpasyndan bolandygyny ýazýar. Jüzjany bolsa gypjaklardan bolandygyny we gypjak begi Akran hanyň gyzydygyny aýdýar. Muhammet Nesewi onuň türkmenleriň baýat taýpasynyň ýemek urugyndandygyny we Jaňkişi hanyň gyzydygyny kitabynda ýazypdyr.

Şeýle hem Nesewi onuň “Jahan hudabendi” (“Jahanyň eýesi’1} diýen lakamy göterendigini hem belläp geçýär. Sözi ýere gaçman ýerine ýetirilýän Türkan Hatyn ogly Alaeddin Muhammede hem aýdanyny etdirip bilipdir.

Onuň 7 sany kätibiniň bolandygyny, möhüriniň üstünde “Diniň we dünýäniň goragçysy”, “Türkmenleriň we ähli zenanlaryň Melikesi” diýen ýazgylaryň bolandygyny taryhy çeşmeler habar berýär. Ýaşy gartaşanam bolsa syrdamlygy we owadanlygy bilen haýrana goýupdyr. Türkan Hatyn iňňän buýsançly we akylly aýal bolupdyr. 0l gelip gowşan arz-şikaýatlary irginsizlik bilen okap, tanyşyp. ikitaraplaýyn seretmäge, derňemäge we ezileniň arkasyny alyp, günäkäre jeza bermäge ýaltanmandyr. Şol sanda ol diýseň gazaply bolupdyr we jeza berende kelle kesdirmegi hiç zatça bilmändir.

Türkmenler bilen mongol basybalyjylarynyň arasynda bolan Otrar söweşinde mongollaryň eline ýesir düşýär we Mongoliýa äkidilýär. 01 1233-nji ýylda Mongoliýanyň Garagurum şäherinde aradan çykýar.

Türkmenler “Aýalyň tagtam bagtam ojagyň başynda” diýen pikire gulluk edipdirler. Köneürgenç soltanlygynda Soltan Muhammet döwründe dul ejesi Turkan hatyna şol berk kada kanuny ỳykmak başardypdyr…”

Tekeş ökde diplomat bolupdyr. Soltanyň şahsy kätibi Muhammet Bagdadynyň «At-tawassul ila-t-tarrasul» («Işjeň hat alyş-çalşygy barada gözlegler») işi türkmen diplomatiýasynyň taryhy boýunça gymmatly çeşmedir. Soltan Tekeş Abbasy halyfynyň Yrak seljuklarynyň mirasyna doly eýe çykmak baradaky talabyna garşy çykypdyr. Alp Garanyň baştutanlygyndaky gypjak taýpalaryny öz gullugyna çekmegi başarypdyr. Gypjaklar bilen ýaranlygyny berkitmek üçin gypjak hany Jankişiniň gyzy Türkan hatyna öýlenipdir (ol baýat taýpasyndandyr – J.G.). Türkan hatyn ýany bilen Horezme uran, garlyk, ugrak, halaç ýaly türki taýpalary göçürip getiripdir. Guruň soltany Gyýaseddin al-Gury bilen dostlukly gatnaşyklary saklamaga çalşypdyr. Birek-birege ýazan hatlarynda olar «dogan» («byradar») diýip ýüzlenipdirler.

Şöhratly taryhymyzdan hem bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň geçmişinde belent ykbally zenanlar örän köpdür. Olaryň içinde tutuş halky agzyna garadyp bilen hanlar-da, alymlar-da, zehinli şahyrlardyr sazandalar-da bolupdyr. Türkmen zenanlarynyň özlerini watansöýüji, ar-namysly, edep-ekramly, salyhatly, gaýratly, süňňi sagdyn, eli çeper, maşgalanyň agzybirligini, ojagyň ýylysyny aýap saklaýan asylly maşgalalar hökmünde dünýä tanadandyklary dogrusyndaky maglumatlar taryhyň sahypalarynda aýratyn orun alypdyr.

Taryhda zenanlaryň tutýan orny baradaky pikirler geçmişde baky yz goýan zenan şahsyýetler — Tumar şa, Zarina, Banu Çiçek, Burla hatyn, Agaýunus peri, Harmandäli, Gülaýym, Türkan hatyn, Altynjan hatyn, Mähri hatyn, Gülbeden begim, Jahan hatyn, Güljemal han, Sülgün han… ýaly edermenligiň taýsyz nusgalaryny ýatlamak bolar.

Miwe Çaryýewa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Tükmen döwlet mugallymçylyk institutynyñ

Taryh hünäriniñ 4 yyl talyby.

Ýene-de okaň

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri