SIZDEN GELENLER

Okatmakda innowasion usullaryň we daşary ýurt dilleriniň täsirleri

Bilim ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, ýaş nesillerimize berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça badalga berilýän özgertmeler rowaçlyklara beslenýär.

«Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtaýar

Şu ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň wajyp ugurlary aýdyň beýan edildi. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» aýratyn bellemek bolar. Biziň ýurdumyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu mejlisde eden taryhy çykyşynda nygtaýşy ýaly, döwletimiziň ylym ulgamynda ylmy-barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça köp işler ýerine ýetirildi. Şeýle hem ylmyň, tehnikanyň ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi ylym, bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzy ylym we sanly tehnologiýalar esasynda senagatlaşdyrmak, ýokary tehnologiýalary, innowasiýalary döretmek hem-de olary önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen alnyp barylýan işler bilimiň, ylmyň, önümçiligiň sazlaşygyny üpjün etmegi nazarlaýar. Ýurdumyz ylym we täze tehnologiýalar esasynda ösüş ýoly bilen öňe barýar. Ylmyň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň wajyp şertine öwrülýär, ähli ulgamlarda sanly tehnologiýalar işjeň ulanylýar, kuwwatly, ýokary derejede ösen, bäsdeşlige ukyply, ylmy esasly önümçilikler ýola goýulýar.

Bu Strategiýany amala aşyrmagyň ileri tutulýan meseleleriniň, Türkmenistanda sanly we «akylly» senagaty ösdürmekde amala aşyrylmaly ylmy-barlaglaryň geljekki ugurlarynyň, halkara ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygyň, Strategiýany maliýeleşdirmegiň, garaşylýan netijeleriň aýratyn baplarda kesgitlenendigini görmek bolýar. Bu möhüm resminamany durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Meýilnamasynda bolsa göz öňünde tutulýan anyk işler görkezilendir.

Ýurdumyzda hereket edýän “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda örän ähmiýetlidir. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek, daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmak, dil öwrenýänleriň dil we medeni bilimleriniň hiliniň ýokarlanmagyny hem-de netijeli okuw işini ele almagyny üpjün edýän innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary durmuşa ornaşdyrmak – bu Konsepsiýanyň esasy maksadyny düzýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmegi aýratyn ähmiýete eýedir, çünki halkara ylmy maslahatlara, medeni we sport çärelerine gatnaşmak bilen, daşary ýurtlardaky türkmen kompaniýalarynda ýa-da ýurdumyzdaky daşary ýurt kompaniýalarynda we beýlekilerde işlemek bilen dürli ugurly geljekki hünärmenler halkara guramalarda ýurdumyza wekilçilik ederler.

Daşary ýurt dilleri ýaş nesliň dünýägaraýşyny giňeltmekde, olaryň halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, öz ylym-bilim mümkinçiliklerini, ukyp-başarnyklaryny görkezmäge ýardam berýär. Näçe köp dil bilseň, şonça-da düşünjäniň gerimi giňeýär. Şol diliň diňe bir sözlügine aralaşman, eýsem, onuň düşünjesini, gymmatlyklaryny, milliligini has ýakyndan tanap başlaýaň. Her bir edebiýaty terjimesinde däl-de, onuň asyl ýazylan dilinde, ýazyjynyň hut özüniň galamyndan çykan sözleri okamak we düşünmek aýratyn lezzet berýär. Terjime edilen eserlerde terjimeçi öz pikirini, düşünjesini, garaýşyny tötänden ýa-da bilip esere goşup bilýär. Mundan başga-da, daşary ýurt dilleri öwrenilende şeýle yzygiderlilik bar. Iki dil bilýän adam üçin, şol diller maşgalasyndan, başga dili öwrenmek ýeňil düşýär. Mysal üçin, rus dilini bilýän adama slawýan dilleri maşgalasyndan bolan beýleki islendik dili öwrenmek ýeňil bolýar. Bir dil maşgalasyndan bolan dillerde umumylyk köp bolýar. Sözlük düzüminde, harplaryň aýdylyşynda ýa-da sözlem gurluşynda birmeňzeşlik bolýar. Bu bolsa başga dil öwrenýän adama ýeňillik döredýär. Öwrenilýän dilde umumylyk tapmak bilen dil öwrenmek ýeňilleşýär we tizleşýär.

Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini Arkadagly Gahryman Serdarymyz mynasyp dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, bilim ulgamyny maksatnamalaýyn ösdürmekde we döwrüň talabyndan ugur alyp kämilleşdirmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ähli ösüşleriň gözbaşy saýylýan ylym-bilimiň pajarlap ösmegi üçin döwletimiz tarapyndan ummasyz serişdeler goýberilýär. Ýaşlaryň okap bilim almaklary üçin zerur şertler we mümkinçilikler döredilýär. Şonuň bilen bir hatarda, her ýylda häzirki zaman döwrebap bilim ojaklary açylyp ulanmaga berilýär. Munuň özi ýurdumyzda berkarar Watanyň ertiri bolan ýaşlar hakyndaky aladadan aýdyň nyşandyr. Şonuň üçin hem bu günki gün bilim işgärleri ýaş nesliň bilim öwrenmekleri we kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin döredijilikli zähmet çekýärler. Bu bolsa biziň röwşen geljegimizi üpjün edýär.

Maral Annamuhammedowa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy. 

Ýene-de okaň

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri