SIZDEN GELENLER

Lukmançylygyň gymmatly gollanmasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylady. Şunda lukmançylygyň ähli ugurlarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler raýatlaryň saglygyny goramaga, berilýän lukmançylyk kömekleriniň hil taýdan ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Şu günler ýurdumyzyň çär künjeginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Täze neşir ýurdumyzda giňden bellenilýän hünär baýramynyň — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda çap edildi.

Halk tebipçiliginde möhüm ähmiýete eýe bolan dermanlyk ösümlikleriň durmuşymyzda ýygy-ýygydan ulanylýandygyny bellemelidiris. Türkmen halkynyň Milli Lideri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň nobatdaky jildiniň neşir edilmegi ähli ildeşlerimizde çäksiz hoşallyk duýgusyny döretdi. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň köp jiltli ylmy eserinde türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, halk lukmançylygynda ony giňden ulanmagyň mümkinçilikleri dogrusynda giňişleýin beýan edilýär.

Ylmy maglumatlar bilen baýlaşdyrylan kitabyň XVI jildinde ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşi barada maglumat berilýär. Şeýle hem bu kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinmek bilen, bu babatda täzeçe we düýpli çemeleşmedir. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň birnäçe ýyllardan bäri halkymyza sowgat edýän bu ajaýyp ylmy eseri dünýäniň köp dillerine terjime edilýär. Halkymyzyň baý lukmançylyk tejribesiniň döwrebap usulda kämilleşdirilmeginde we ylmy taýdan esaslandyrylmagynda kitabyň örän uly ähmiýeti bardyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamynyň beýik ösüşlere beslenýän günlerinde halkymyz üçin ajaýyp toý sowgadyna öwrülen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriň nobatdaky jildi hem halk lukmançylygynyň ösdürilmegine uly goşant bolar.

Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň täze jildinde «tebigy dermanhana» yzygiderli ýüzlenýän Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň, türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribeleri beýan edilýär. Şeýle hem eser ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna goşant goşar.

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy iş daşary ýurtly hünärmenlerde uly gyzyklanma döredýär. Çünki onuň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleriň bejeriş aýratynlygy, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň usullary barada giňişleyin gürrüň berilýär.

Bu kitabyň dünýäniň dürli dillerinde terjime edilmegi neşiriň örän gymmatlydygynyň we meşhurlyga eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Millionlarça okyjylara niýetlenen dermanlyk ösümlikleriň we halk lukmancylygynyň özboluşly ensiklopediýasy bolan bu neşir adamzat medeniýetiniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk ulgamyna ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň köp asyrlyk tejribesi we ýörelgeleri bilen tanyşmaga ýardam edýär.

Kitapda her bir ösümligiň maglumatlary özboluşly suratlar bilen utgaşdyrylýar. Kitabyň sorag-jogap bölüminde olaryň dermanlyk aýratynlyklarynyň görkezijisi, dermanlyk ösümlikleriň atlarynyň rus-latyn-türkmen sözlügi, serişdeleri ýygnamagyň we saklamagyň möhletleriniň senesi ýerleşdirilipdir.

Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri okyjylary Türkmenistanyň ajaýyp tebigatyna, ösümlik dünýäsine we olaryň adam saglygy üçin möhümdigine has oňat düşünmäge kömek edýär. Diýarymyzyň melhemlik, jana tenekar ösümliklerini ylmy esasda öwrenýän bu gymmatly kitap Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işleriniň aýdyň mysalydyr.

Leýli Öwezberdiýewa, 

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury