BIZNES

Aşgabatda türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi

Paýtagtymyzda türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi. Munuň özi Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňelmegine, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň söwda-ykdysady, önümçilik, saglygy goraýyş, ulag-logistika, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat ýaly ugurlarda ösdürilmegine gönükdirilen halkara çäresine öwrüldi.

Dostlukly ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen işewürlik maslahatynyň dowamynda iki ýurduň arasynda birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy.

Işewürlik maslahatyna ýurdumyzdan dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar. Dürli ugurlary öz içine alýan işewürlik maslahatynda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy.

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär