Tanyşmaýan adamlara sesli habar ýa-da ýazgy ugratmak edep kadalaryna laýyklykda käbir zatlary göz öňünde tutmagy talap edýär. Habaryňyzy ugratmazdan öň aşakdaky düzgünleri berjaý etmegiňiz maslahat berilýär:
Rugsat almak – Tanyşmaýan adama sesli habar ýa-da tekst ýazjak bolanyňyzda, ilki bilen “Sesli habar/ýazgy ugratmagym mümkinmi?” diýip soramak dogry bolar. Bu, garşyňyzdaky adamyň siz bilen habarlasmak isleýändigine hormat goýýandygyňyzy görkezýär.
Salamlaşmak – Habaryňyz sesli bolsun ýa-da tekst, her ýagdaýda salamlaşmak bilen başlamaly. Salamlaşmak edep kadalarynyň bir bölegi we adamda gowy täsir galdyrar.
Gysga we manyly bolmak – Habaryňyzyň mazmunyny gysga, düşnükli we anyk edip beýan ediň. Uzyn habarlardan gaça duruň, sebäbi diňlemek ýa-da okamak üçin wagt talap edip biler.
Habar ugratmagyň wagty – Habaryňyzy iberýän wagtyňyza üns beriň. Gije sagatlarynda ýa-da dynç alyş wagty habarlary ugratmak edepden däl. Eger-de habary ugradýan adam bilen wagtyňyz ( sagat tapawydy) tapawutly bolsa, muny göz öňünde tutuň we habaryňyzy amatly wagtda iberiň.
Hormat goýmak – Sesli habar ýa-da tekst ýazmagyň öň ýanynda, ol adam bilen habarlaşmaňdan öň onuň hasabynda ýa-da platformasynda öňe sürlen zatlara serediň. Belki-de, ol meselede giňişleýin düşündiriş edipdir we sorag bermänkä şol maglumatlary okamak ýa-da diňlemek maslahatl berilÿar. Sorag bermezden öň, onuň öňki jogaplaryny gözden geçirmän, göni sorag bermek adamlary hormatsyz hasap etdirip biler.
Sesiňiziň we ýazgyňyzyň ýumşak bolmagy – Sesiňizi asuda we açyk edip, ýazgylaryňyzy bolsa mylakatly we düşnükli edip beýan ediň. Bu, habaryňyzyň has düşnükli we mylakatly bolmagyny üpjün eder.
Şahsy maglumatlary paýlaşmakdan gaça durmak – Tanyşmaýan adamlara şahsy maglumatlar ýa-da aýratyn zatlar barada habar ibermekden saklanyň.
Sagbol diýiň – Hiç kim size jogap bermek borjy ÿok. Şol sebäpli size berlen jogap yeterlik bolmasa hem sagbol diýiň.