SIZDEN GELENLER

Iňlis diliniň britan we amerikan görnüşleriniň arasyndaky aratapawutlar

Gepleşik iňlis dilniň haýsy görnüşlerini bilýärsiňiz? Häzirki wagtda, iňlis diliniň köp görnüşleri bar. Sanap göreliň: British English (BE) –britan iňlis dili, Australian English – Awstraliýa ilis dili, campus English – ABŞ-da ýokary okuw jaýlarda okaýan talyplaryň jargon iňlis dili, Canadian English – iňlis diliniň Kanadadaky görnüşi, World English (Globish) – dünýä (global) gepleşik iňlis dili, Indian English – hindi dialektlerinde iňlis diliniň görnüşi), Modern English – 1500-nji ýyllardan biziň günlerimize çenli ulanlýan häzirki zaman iňlis dili, New English – täze iňlis dili, Standard English (BBC English) – (British Broadcasting English) – Bi-Bi-Si – diktorlaryň radio we telewideniýe gepleşiklerde ulanýan dürs, edebi, (resmi)  iňlis dili, bu dil esasan Londonda we onuň töwereginde ýaşaýan okuwly-bilimli adamlaryň wekilleriniň gürleýän dili, Old English – Anglo-saksonlaryň (5-nji asyryň ortalaryndan XII asyryň başyna çenli ulanylan) gadymy iňlis dili,  Black English – ABŞ-da ýaşaýan afroamerikanlaryň gürlenýän iňlis dili, King’/ Queen’s English – iňlis korolyynyň ulanýan arassa, dürs iňlis dili. American English (AE) –  iňlis diliniň amerikan görnüşi, kokni (cockney accent) aksenti (şiwesi) – Londonyň Ist-End graflygynyň dialekti we şiwesi)), pijin ingliş  – pigeon English – (üýtgedilen iňlis leksikasy, morfologiýasy we fonetikasy hytaý grammatikasynyň elementleri bilen utgaşýan gibrid dili; Uzak Gündogar-da, Okeaniýada we Günbatar Afrikada ulanylýar), iňlis diliniň hytaýça görnüşi we beýlekiler.

Makalada gürrüň iňlis diliniň amerikan we britan görnüşleri barada bolýar.  Bu iki görnüşleriniň arasyndaky dürli tapawutlyklary bilmek dil öwrenjilere, mugallymlara, bu ugurda gündelik iş salyşýanlaryň tejribesinde has takyklyga, bilim derejeleriniň artmagyna ýardam eder.       

Irland dramaturgy we ýazyjysy Jorj Bernard Shownyň (1856–1950) bellemegine görä, ABŞ we Angliýa umumy dili bilen bölünen iki beýik halk. Göräýmäge, iki ýurduň dili hem birmeňzeş ýaly. Hakykatda bolsa, bu ýerde dürli tapawutlyklar mese-mälim göze ilýär. (ser.: Karol Janicki Elements of British and American English Warszawa, 1977, 137 pg., Grant Taylor. Mastering American English.1956, USA 120 pg. we başgalar). Onuň esasy sebäbi britan iňlis dili Beýik Britaniýada ýaşaýan ýerli iňlis halkynyň milli dili.

Iňlis diliniň amerikan görnüşi barada aýdylanda – bu örän çylşyrymly mesele. Onuň çylşyrymlylygy amerikan standart dil görnüşiň aşakdaky ilkinji üç sebäpler bilen kesgitlenilýär:

  1. elli ştatdan ybarat bolan ägirt uly meýdany tutýan ABŞ-nyň territoriýasy;
  2. bu ýurtda gürlenilýän iňlis diliniň goruna belli bir derejede öz täsirini ýetiren we ýetirýän  köp sanly dürli ýewropa  dilleriniň lingwistik garym-gatymlygy;
  3. köp sanly dürli gatlaklara degişli sosial toparlaryň  milli edebi diliň standartyna laýyk gelmeýän sözleri we söz birliklerini ulanyşa girizilmegi.

ABŞ-da bolsa bu dilde dürli medeniýetli dürli halkarynyň  öz aralarynda düşünişmek üçin ulanýan umumy dil birligi. Elbetde, ABŞ-da ýaşaýan we işleýän dürli medeniýetli, dürli halklaryň wekilleriniň özleri üçin umumy bir ulanýan iňlis dilinde tapawutlyklaryň ýüze çykmagy tebigidyr. Bu aratapa-wutlyklar iňlis diliniň leksikasynda, grammatiki gurluşynda, sintaksisinde, orfografiýasynda – dürs ýazuw düzgünlerinde tapawutlar ýüze çykýar.

Örän uly we esasy tapawutlyklar dil britan we amerikan iňlis diliniň leksikasy bilen baglanyşykly. Ilkinji göze ilýän zat – diliň görnüşleriniň arasyndaky aksent – çalgyrtlyk, gepleýiş aýratynlygy, ýagny sözüň aýdylyşy, gürleýiş tempi, tembri, intonasiýasy boýunça tapawutlyklar. Ikinjiden, ugurdaş dillerdigine garamazdan, edil dürli daşary ýurt dillerindäki ýaly, sözlüklerdäki, idiomalardaky we sintansisdaky aratapawutlar göze ilýär; käbir sözler nädogry düşünilýär ýa-da düýbünden düşünilmeýär: metaforik söz düzümleri birhili täsin, geň stilistik göze ilmeýän näsazlyklar aýan bolýarýar ya-da sözlemiň içinde ol ýa-da beýleki söz goýberilýär,

Lingwistleriň hasapalamalaryna görä, Beýik Britaniýada giňden ulanylan ýarym million (500 000) işjeň sözleriň dört müňe golaý söz we söz düzümleri ABŞ-da şu gün düýbünden ulanylmaýar ýa-da başgaça ulanylýar. Bu aratapawutlar britanlaryň we amerikanlaryň iňlis diliniň ýazuw düzgünleriniň usullarynda şöhlenendirilendirlip, ilat arasynda ýaýraýar. Ýene bir bellemeli zat – bu dil görnüşleriniň arasyndaky medeni aýrabaşgalyklar, ýagny gündelik durmuş gepleşik dilinden dürli institutlaryň we resmi dolandyryş formalarynyň arasyndaky tapawutlar.

Häzirki zaman iňlis diliniň amerikan we britan görnüşleriniň arasyndaky anyk göze ilýän fonetik tapawutlar köklerini britan adalaryndan alyp gaýdýar. Geliň, sözüň ahyrynda gelýän  “r” sesi bilen ýekeje mysal alyp göreliň.  Britan we amerikan görnüşlerinde dürli aýdylýan “standard” [stæ̱ndə(r)d] amerikan görnüşinde, britan görnüşinden tapawutlykda [r]  sesi anyk eşidilýär.  Edil şeýlede there [ðeə] we water [‘wɔːtə] ýaly sözler  [ðeər] we [‘wɔːtər] görnüşinde aýdylýar. Ýa-da, iňlis dilindäki  “either” [‘aɪðə] we “neither” [‘naɪðə] sözleri amerikan görnüşde [‘ɪðər] we [‘nɪðər] ýaly aýdylýar. Bu nusga 17-nji asyrda göçüp gelen iňlis kolonistleri Angliýanyň günorta-gündogar böleginiň şiwesine häsiýetlidir. “r” sesi henizem Angliýanyň günbatar we demirgazyk böleklerinde şeýle hem Şotlandiýada we Irlandiýa ulanylýar. Megerem, hut şular şu aýdylyşy Amerika ilkinji göçüp baran kolonistlerden geçen bolmagy ähtimal hasaplanylýar.

Amangeldi BAÝGELDIÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

uly mugallymy, f.y.k. 

 

Ýene-de okaň

«Hakyda göwheri» – gymmatly hazyna

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany