DÜNÝÄ

Wengriýada ahalteke atlarynyň görkezme çykyşlary geçirildi

Geçen hepdäniň ahyrynda Wengriýanyň Babolna şäherinde ata watany Türkmenistan bolan ahalteke atlarynyň görkezme çykyşlary we at çapyşyklary geçirildi. Bu barada “Hungary Today” neşiri habar berýär.

Bu çäre bedewleriň ajaýyp hem-de iň gadymy görnüşleriniň birine bagyşlandy. Wengriýanyň oba hojalyk ministri Iştwa Nad öz çykyşynda ahalteke bedewleriniň taryhy ähmiýeitni belläp, bu atlarynyň görnüşiniň Wengriýada ýitip gitmeginiň öňüni almak ugrunda tagalla ediljekdigini belledi.

Ol Wengriýada atly sportuň ösdürilmegine, atçylyk pudagynyň  we bu ugurda ýaş hünärmenleri taýýarlamaga döwlet tarapyndan goldaw beriljekdigini belledi.

Wengriýanyň ahalteke atlarynyň assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Ýusef Nýeki bolsa, bu gezekki çärä 11 döwletden 59 sany arassa ganly atyň gatnaşýandygyny belledi.

Emin agzalarynyň atlaryň erkin hereketleri, şeýle hem dürli häsiýetli aýratynlyklaryna baha berdiler.

Wenger atçylyk toplumlarynda ahalteke atlarynyň bar bolmagy öz gözbaşyny XIX asyrdan alyp gaýdýar. 1970-nji ýyllarda 3 sany at bilen ahalteke atçylygy döredildi. Şondna bäri olaryň baş sanyny köpletmek ugrunda giň tagallalar edilýär.

Ahalteke bedewleri – türkmen halkynyň buýsanjy we ýurduň esasy baýlyklarynyň biridir. Arassa ganly ahalteke bedewleriniň 5 müň ýyllyk taryhy bar. Türkmenistan döwletimiz ahalteke bedewleriniň taryhy Watany bolup, ýurdumyzda atçylyk pudagy kämil derejede ösdürilýär.

Ýene-de okaň

Zenanlaryň 200-den gowragy «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe boldular

ÝB-niň ýokary wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Dünýäniň iň uly aýsbergi ýalpaklyga oturdy

Arkadag şäherine çenli uzap gidýän ýol “Ahalteke atlary” şaýoly diýlip atlandyrylar

Türkmenistanyň Mejlisinde Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara geçirildi