SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýäniň Ysparta şäherine hasyl möwsüminde baryp görüñ!

“Türkiýäniň – bagy-bossany” diýlip atlandyrylýan Ysparta şäheri soňky ýyllarda ekoturizm merkezine öwrüldi. Jahankeşdeler bu ýere ysy bark urýan uç-gyraksyz gül baglary we melewşe lawanda meýdanlaryny synlamak üçin gelýärler. Şeýle hem ol Türkiýäniñ meşhur köller zolagyna degişli bolmak bilen, 2023-nji ýylda “syýahat etmek üçin iň gowy 50 ýer” sanawyna girizildi.

Bägülleriñ we lawandanyñ mekany

Türkiýede bägüller barada gürrüň açylanda, ilki bilen, göz öňüňde Ysparta şäheri janlanýar. Dünýädäki gül ýagynyň 65 göterimi bu ýerde öndürilýär. Bägülleri gaýtadan işleýän häzirki zaman zawodlarda saçaklaryñ bezegi bolup durýan lokum, mürepbe, şeyle hem gül suwy, bägül ýagy, atyrlar we kremler ýaly kosmetiki önümler öndürilýär. Maý aýynyñ ahyryndan başlap iýun aýynda hem dowam edýän bägül hasylynyñ gyzgalaňly ýygnalýan döwri hem ýerli ilat üçin hem-de syýahatçylar üçin şatlyk-şüweleñe öwrülýär.

Bägülleriñ önümçiliginde mynasyp orna eýe bolan Ysparta şäheri, soňky ýyllarda lawanda ösdürip ýetişdirmek boýunça hem öňe saýlanýar. Şäheriñ Keçiborlu etrabynyň Kuýujak obasynda ýerleşýän lawanda ekin meýdanlary häzirki wagtda Türkiýäniň lawanda önümçiliginiň 90 göterimini emele getirýär. Asyl görnüşdäki ýa-da guradylan lawandalar kremlere, sabynlara, ýaglara, kolonýa we beýleki önümlere goşulýan önümçilige iberilýär. Lawanda hasyly, bägüller ýygnalandan soň iýul aýynyň ahyryndan awgust aýynyň ortalaryna çenli dowam edýär.

Yspartanyň özüne çekijiligi diňe bägüller we lawandalar bilen çäklenmän, Ortaýer deňziniň basseýniniň töwreginde eýeleýän birnäçe köli bilen hem özüne bendi edýär. Ysparta syýahatyňyzda sebitiñ iň uly köli bolan Egirdir kölüne, şeyle hem tebigatynyň  üýtgeşik jadylaýjy güýji bolan Kowada kölüne baryp bilersiňiz. Egirdir kölünde iki sany ada bar.

Köller zolagynda pyýada gezelenç edip boljak birnäçe gadymy şäherleriñ bardygyny bellemelidiris. Keramatly Paul we Pisidia mirasy ýollary Yspartanyň arheologiki desgalarynyñ arasynda ýerleşýär. Türkiýäniñ iň uzyn pyýada ýollarynyň biri bolan Saint Paul ugry, Antalýa Pergeden başlap Yspartanyň Çandyr obasyndaky Ýazyly kanýonyna çenli uzalyp gidýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklandy

Ata Watan Eserleri

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy