MEDENIÝET

Magtymguly Pyragyň goşgulary haly sungatynda

Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly kitabynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň çeken bir suraty ünsümizi özüne çekýär. O1 surat – Türkmenistanyň baýry halyçysy, Magtymgulyşynas Ýazbibi Ahmedowanyň portreti. (sah-99).

Ýazbibi Ahmedowa XX asyryň başlarynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda halyçylar maşgalasynda dünýä inipdir. 01 “Edenine el ýetmez, dokanyndan suw ötmez” diýilýän halyçy bolup ýetişipdir. “Zehin zehine ýol açýar” diýilişi ýaly, halyçy zenan, Magtymgulyşynas, dürli el hünärlerinden baş çykarýan aýal dogany Enejenyň 1937-nji ýylda dünýä inen gyzy Jöwza Şahberdiýewanyň hem ussat halyçy bolup ýetişmegine-de uly tagalla edipdir.

Biziň söhbedimiz sungatyň goşa ganaty bolan bu iki ussadyň mährem Diýarymyzyň çäginden daşarda meşhurlyga eýe bolan halylary hakynda.

“AGZYBIRLIK” HALYSY

Ýazbibi Ahmedowanyň ömrüniň bütin dowamynda dokan halylary täsin bir dünýäni ýada salýar. Şolaryň arasynda ussat halyçynyň dokan “Agzybirlik” halysy aýratyn öwüşgini, çitimleriniň syklygy bilen tapawutlanýar. Ussat halyçy ol halyny mundan 94 ýyl ozal – 1927-nji ýylda dokapdyr. Ol haly dost-doganlygy durmuş ýörelgesine öwren halkymyzyň owadan kalbyny ýada salýar.

Şu ýerde aýratyn bir zady belläp geçmek möhümdir, ol hem Ýazbibi Ahmedowanyň çagalygyndan başlap beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň goşgularyna berlenligidir. O1 heniz gulpagyny tasadyp ýören gyzjagaz mahaly ökde halyçy ejesi Bibisara daýza oňa şahyryň ençeme goşgularyny öwrenmegi we ýat tutmagy sargyt edipdir. Ýazbibi kämil ýaşa ýetende, söz ussadynyň şygyrlaryny öwrenip-bilip, şahyryň şygyrlarynda gozgalýan parahatçylyk temasyny özüne baş ýörelge edinipdir. Bu ýagdaý oňa haly sungatynda ýygy-ýygydan parahatçylyk temasyna ýüzlenmegine esas döredipdir.

“Agzybirlik” halysy alnymyzda täze bir dünýäni açýar. Ýazbibi Ahmedowanyň Diýarymyzda bitýän ösümliklerden ýeterlik baş çykarmagy halyçylyk sungatynda oňa reňkleri saýlap almaga, nagyşlary öz öwüşgini bilen hala çitmäge ýardam edipdir. Muny halydaky al-elwan güller, başy ak silkme telpekli, gyrmyzy donly türkmen ýigitleri hem-de başy gupbaly, gyrmyzy ketenili türkmen gyzlary elleri naz-nygmatly desterhanly gelen myhmanlary garşylamak üçin gujak açyp dur. Munuň özi türkmen halkymyzyň myhmansöýerliginiň, dünýä halklaryna gujak açýandygynyň, bir supranyň başynda agzybir bolmaga çagyryşynyň beýanydyr. Çünki ýer ýüzüniň ähli ilaty üçin dost-doganlykdan zyýada hiç bir zat ýok.

Teke-saryk gölleri salnyp, sünnälenip dokalan bu haly uzak ýyllaryň dowamynda dünýä sungatyny öwrenijileriň ünsüni özüne çekipdir. Bu halynyň suraty 1976-njy ýylda Sankt-Peterburg şäherinde çap edilen “Dekoratiwno- prekladnoýe iskusstwo Türkmenistana” atly kitabyň 42-nji sahypasynda ýerleşdirilipdir. Rus alymy G. Pugaçenkowa bolsa Ýazbibi Ahmedowanyň döredijilik sungatyny ylmy esasda öwrenip, ol hakda ýörite ylmy monografiýa ýazýar.

Agzybirlik temasy Ýazbibi Ahmedowanyň döredijilginiň içinden eriş-argaç bolup geçipdir. Ussat halyçy bu tema bagyşlap “Doganlyga eltýän ýol”, “Otly”, “Orak-çekiç” ýaly dürli halylary dokapdyr.

“Doganlyga eltýän ýol” atly halyda uly ýol uzaklara uzap gidýär. O1 ynsan kowmunyň jümmüşine aralaşyp, dostlugy doganlyga eltmäge ýaýylan ýol hökmünde ýadyňda baky galýar.

“Otly” atlandyrylan halyda demir ýoly külterläp barýan otly dünýä halklarynyň jümmüşine uzap barýar. Ussat halyçynyň bu işi “Doganlyga eltýän ýol” atly işiniň dowamy ýaly bolup, kalplarda ýakymly duýgulary oýarýar.

“Orak-çekiç” – zähmetiň nyşany. Ynsan zähmeti ýaran edinip, rysgal- döwlete ýetýär. Zähmet çekmek arkaly ynsanda dostluk gatnaşyklary hakynda düşünje berkeýär.

Ýeri gelende, Ýazbibi Ahmedowanyň gülli joraplary örmegiň, keteni, palas dokamagyň, kürte bejermegiň, keçe basmagyň, alaja örmegiň ussady bolandygyny, el hünärini ösüp gelýän ýaş gyzlara öwredendigini hem ýatlap geçmek möhümdir. Ussat halyçynyň elinden çykan bir horjunda hem nazaryň eglenýär. Horjunyň ýüzüne salnan welosipediň keşbi ruhy sagdynlygyň nyşany hökmünde alnyňda janlandyrýar.

Halk tarapyndan ykrar edilen sungat ussatlary hakynda şygryýetde dürli eserleriň döredilýändigi mälimdir. Muňa Ýazbibi Ahmedowanyň ussatlygy hakda Türkmenistanyň halk ýazyjysy şahyr Ata Atajanowyň “Bibi gyzyň halysy” atly poemasyny görkezmak bolar. Bu eserde şeýle setirler bar:

Bibiniň yhlasyna,

Hoş sözler aýda-aýda,

Agzybirlik sözi-de,

Okaldy gaýta-gaýta.

Оnuň ýaly haly hiç,

Görülmändir obada.

Oňa haýran bolupdyr,

Asyr ýaşly baba-da.

 

Bibi gyzyň halysy,

Geçipdir elden-ele.

Gezipdir uly ili,

Uly dabara bile…

“PARAHATLYK” HALYSY

“Parahatlyk” halysyny Jöwza Şahberdiýewanyň döredijilginde iň kämil, nusgalyk halydyr. Bu halynyň taryhy şeýle.

Jöwza Şahberdiýewa 1957-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Çeperçilik mekdebinde sungat ugrundan bilim alýar. Sungat dünýäsinde ýaşap ýören gyz ylymdan ýüküni ýetirensoň, parahatçylyk temasyny diplom işi edip alýar. Şeýlelikde, onuň sungat dünýäsinde “Parahatlyk” halysy dünýä inýär. Türkmen halyçylyk sungatynda dörän bu iş Jöwza uly üstünlik getirýär.

Halynyň teke gölleri bilen gurşalan ýüzünde ak kepderiler türkmen topragynyň parahatlyk ilçisi hökmünde dünýä ganatyny ýaýýar.

“Parahatlyk” halysyny sungaty dünýä inen gününden başlap, uly hormata mynasyp bolýar. Bu owadan haly 1961 – 1962-nji ýyllaryň sepgidinde ilki Bütinsoýuz sergä, soňra halkara sergilerine gatnaşyp, gymmat bahaly sowgatlara we medallara mynasyp bolýar. Bu haly önümi 1961, 1963-nji ýyllarda, şeýle hem 1981, 1983-nji ýyllarda Angliýada, Farnsiýada, Ýaponiýada, Türkiýede, Polşada, Germaniýada, Finlýandiýada, Kubada dost-doganlyk halysy bolup, türkmen haly sungatynyň öwşginlerini dünýä ýaýýar.

Jöwza Şahberdiýewa özüniň çeper ellerinden çykan haly we haly önümlerinde parahatçylyga, dost-doganlyga, asuda durmuşa, Watana söýgüni beýan etmek bilen, halkymyzyň köpasyrlyk milli-däp-dessurlaryny jahana ýaýýar.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Jöwza Şahberdiýewanyň ussatlygyny diňe “Parahatlyk halysy” atly işiniň mysalynda hem onuň görmek bolýar.

Jöwza Şahberdiýewanyň döredijilgi köpgyraňly. Onuň hünärli barmaklarynyň gudraty bilen dünýä inen “Garagum şapagy”, “Bahar sazlaşygy”, “Oba”, “Tumar”, “Kerwen gelýär”, “Zähmetkeşler dynç alyşda” atly halylary çuňňur many-mazmuna eýeligi bilen tapawutlanýar. “Garagum şapagynda” ýaýylyp ýatan Garagumda ak säherde dogup gelýän gyrmyzy Günüň nury, “Bahar sazlaşygynda” al-elwan güller, ýüzünde durlanyp duran ýagyş suwly keýikokaralar, “Obada” türkmeniň gümmezekläp duran ak öýleri, ak öýleriň gapdalynda oglak-guzy bakyp ýören eli taýakly çopan-çoluklar, “Tumarda” ýakalara gelşik berýän şaý-sepiň ýalkymzy, “Kerwen gelýärde” ak sährany demine dartyp, uzak ýoly külterläp gelýän kerwen hatary, “Zähmetkeşler dynç alyşdada” halal zähmetden soň argyn göwünlere dynç berýän daýhanlaryň keşbi janlanýar.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli sungatymyzy öwrenmäge giň ýol açan ajaýyp zamanasynda halkymyzyň milli halyçylyk sungaty YUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi aýratyn guwandyryjy wakadyr. Sungatyň goşa daragty – eneli-gyz Ýazbibi Ahmedowa bilen Jöwza Şahberdiýewanyň agzybirligi, dost-doganlygy ündeýän nepis haly nusgalary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli sungatymyzy öwrenmäge giň ýol açan häzirki döwründe nesilleriň aňynda ene-mamalarymyzdan miras galan haly sungatynyň mizemez öwüşginlerine göz ýetirmekde möhüm ähmiýete eýedir. “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýylynda bolsa bu nusgalar türekmen sungatynyň parlak güneşi bolup alnymyzda janlanýar.

Seýitmuhammet SEÝITMUHAMMEDOW,

 Murgap etrap Deňizhan şäherçesiniň kitaphanasynyň kitaphanaçysy,

TMÝG-nyň işjeň agzasy.

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda Koreý medeniýetiniň günleri geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi

Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň çeper filmleri XVII «Ýewraziýa» halkara film festiwalynda görkeziler

Türkmenabatda bilelikdäki türkmen-özbek konserti geçirildi

“Gladiator 2” ilkinji hepdesinde rekord goýdy