SIZDEN GELENLER

12-nji iýun — Ylymlar güni

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Ylymlar gününiň giňden bellenilmeginde çuňňur many bar. Çünki, ylym jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan iri halkara guramalary we ylmy merkezleri bilen ylym hem-de ýokary tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk edýär. Döwlet Baştutanymyzyň ylmy önümçilige ýakynlaşdyrmakda öňde goýan wezipeleri alymlaryň işleriniň netijelerinde öz beýanyny tapýar. Dünýäniň abraýly ylym we bilim merkezleri bilen giň gatnaşyklary ösdürmek meseleleri hem hormatly Prezidentimiziň üns merkezinden düşmeýär.

Ýurdumyzda ylmy-barlag institutlary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleri tarapyndan amala aşyrylýan bäsleşik taslamalary ýaş alymlaryň bilim derejesini kämilleşdirmäge we ylmy dünýägaraýşyny ösdürmäge ýardam edýär.

 “Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek biz, ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris” diýen şygar astynda Watanymyz ylym-bilim ojagyna öwrüldi. Ýurdumyzda ýaşlara bilim we terbiýe bermekde zerur bolan ähli şertler döredilýär. Ýaşaýşa, durmuşa bezeg berip, ynsany ruhy taýdan bagta atarýan ilkinji ädim ylym-bilimden başlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew badyna eýe bolup, belent sepgitlere çykýan Diýarymyz hemmämiziň çuňňur buýsanjymyzdyr. Bu ugurda kämil kanunlaryň, maksatnamalaryň we beýleki möhüm resminamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzda ylmyň ygtybarly binýadyny döredýär.

Watanymyzda ylym ulgamyny ösdürmekde ylmy bäsleşikleriň hem uly ähmiýeti bar. Häzirki wagtda ýaşlary ylmy bäsleşiklere çekmek, ylmy-barlag edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Alymlaryň ylmy işleri pudaklary ösdürmegiň möhüm wezipelerini ýerine ýetirmäge, täze tehnologiýalary işläp düzmäge we ornaşdyrmaga oňaýly şertleri döredýär. Milli bilim ulgamynda bilimiň hilini gowulandyrmak, ýaşlara bilim berlişini dünýä derejesine çykarmak üçin öňdebaryjy usullar ornaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan döwlet gurluşy strategiýasynda, milli maksatnamalarda ykdysadyýeti innowasion taýdan ösdürmäge we sanly ulgama geçirmäge hem-de netijeli inženerçilik çözgütlerine daýanmaga uly orun berilýär. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, Bitarap döwletimiziň dünýä bileleşigine has ynamly goşulyşmagyny üpjün etmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutul-ýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde milli ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär.

Ýurdumyzda «Bilim hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasat hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi ýurdumyzda ylmyň ygtybarly hukuk binýadyny döretdi. Bu kanunçylyk namalar ylym-bilim babatdaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek, maksatlaryny, wezipelerini, hyzmatlaryny we onuň işini dolandyrmagyň tertibini hem-de ylmy işgärleriň hukuklaryny, borçlaryny we jogapkärçiliklerini, olaryň hünär taýýarlygyna baha bermegiň ölçeglerini, şeýle-de ylmy edaralaryň hukuk ýagdaýyny, maksatlaryny, wezipelerini we ygtyýarlyklaryny, olaryň kysymlaryny we görnüşlerini, ylmy edaralaryň işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini kesgitleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym ulgamynda gazanýan üstünlikleriniň hatary has-da artýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde türkmen alymlary tarapyndan nanotehnologiýa, biotehnologiýa ýaly ylmyň döwrebap görnüşleri boýunça hem ähmiýetli ylmy-barlag işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Täze taryhy döwürde bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň gerimini giňeltmek we netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ylmy ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi, ýagny «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy. Türkmen ylmynyň gazananlary bilim ulgamyny ösdürmäge, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň: «Öňe sürýän beýik başlangyçlarymyzda, uludan tutulýan döwletli işlerimizde hemişe ylma daýanýarys» diýen sözleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem ýurdumyzda ylmy ählitaraplaýyn ösdürmegiň, döwrebaplaşdyrmagyň we durmuşa ornaşdyrmagyň ugurlary beýan edilýär.

Ylym — bu ähli ugurlarda, ulgamlarda gazanylýan ösüşleriň binýadydyr. Arkadagly Serdarymyzyň: «Ýaşlary ylymly bolan döwletiň sütünleri berkarar, güýji mizemezdir» diýen sözlerinden ruhlanýan bagtyýar ýaşlarymyz ýurdumyzyň täze taryhy döwründe ylmy şamçyrag edinip, geljegiň nurana ýoly bilen öňe barýarlar.

Aýbölek Gurbanowa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri