Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyndaky döwrebap özgertmeler ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagyna we terbiýelenmegine, giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli, tämiz ahlakly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýaşlary giň dünýägaraýyşly kemala getirmek, ylym-bilimi ösdürmek babatdaky tagallalary dil öwrenmek ylmyna hem degişli bolup durýar. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmaga degişli wezipeleri çözmek üçin daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek işleri bellenilen tertipde alnyp barylýar.
Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini öz ene diliň sözlük düzümi, leksikasy we ösüşi bilen deňeşdirip, ylmy taýdan öwrenmek möhüm meseleleriň biridir. Ösen ýurtlaryň häzirki zaman tehnologiýalaryny durmuşa ornaşdyrmakda, sanly bilim ulgamyna geçmekde daşary ýurt dillerini bilmek zerur bolup durýar. Bu tehnologiýalaryň işleýiş funksiýalary we ýerine ýetirýän işleri esasan iňlis dilindedir. Hünär boýunça innowasion tehnologiýalary dogry ulanmak üçin iňlis diliniň ähmiýeti uludyr.
Dil medeniýeti umumadamzat medeniýetiniň hökmany hem-de aýrylmaz bir bölegi hasaplanýar. Daşary ýurt dilleri milletara, şahsyýetara we halkara aragatnaşyk serişdesi bolup hyzmat edýär.
Arap, iňlis, rus, hytaý, fransuz we ispan dilleri bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dilleridir. Ady agzalan dilleriň altysy hem bu iri guramanyň işiniň dünýä derejesinde sazlaşykly alnyp barylmagynda möhüm orun eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, okuw prosesinde ösen kompýuterleriň, internet tehnologiýalarynyň we multimediýanyň ornaşdyrylmagy daşary ýurt dillerini, şol sanda uzak aralykda okatmakda uly mümkinçilikleri açýar. Bularyň hemmesi täze okatmagyň usullaryny ösdürmegi, ýokary hünärli mugallymlary taýýarlamagy talap edýär.
Dilleri öwrenmek (daşary ýurt we ene dilleri), köp sanly tekst we grafiki maglumatlary talap edýän gaty çylşyrymly proses bolup, oňa giriş adaty okuw usullarynyň çäginde çäklendirilen. Dil öwreniş enjamy elmydama elýeterli özboluşly kitaphanadyr. Dil öwrenilende aýrylmaz bir zat kitap okaýjy ýa-da elektron kitap bolar, bu enjam bilen diňe bir eserleri okamak bilen çäklenmän, dilleriň öwrenilmeginde ýardam eder.
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, bilim ulgamynda hem giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Sanly bilim konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleriň degişli derejede çözülmegine, ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara ähmiýetli bilim almagyna ähli mümkinçilikleri döredýär.
Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Islendik halkyň, döwletiň ösüşi ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bilim jemgyýetçilik ösüşinde iňňän möhümdir. Onsuz öňe gitmek, hiç bir ugurda üstünlik gazanmak mümkin däldir» diýip, belläp geçýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny ösüşleriň iteriji güýjüne öwürmek ugrunda alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde hormatly Prezidentimize rowaçlyklar ýaran bolsun!
Şemşat Allamyradowa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili mugallymy.